Türkmenistan Owganystanyň Aşgabatdaky wekilini resmi taýdan tassyklady

Türkmenistan Owganystanyň Aşgabatdaky wekilini resmi taýdan tassyklady

26-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Fazal Muhammed Sabire onuň Owganystanyň Türkmenistandaky Işeri wagtlaýyn ynanylan wekildigini tassyklaýan resminamany gowşurdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, owgan diplomaty birnäçe ýyllaryň dowamynda Aşgabatda öz ýurduna wekilçilik edýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki doganlyk döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini bellediler.Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli halkara energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şunda, ilkinji nobadatda, Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna, Türkmenistan Owganystan Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyna, şeýle hem Türkmenistandan Owganystana çenli demir ýolunyň gurluşygyna üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
R.Meredow Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Pakistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular