Türkmenistan Owganystandan mermer import etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Owganystandan mermer import etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Aýmyrat Goçmyradow Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmed Islam Jar bilen geçiren duşuşygynda türkmen tarapynyň welaýatdan mermer import etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada

Şeýle hem duşuşyga Hyradyň senagatçylar birleşmesiniň başlygy we agzalary gatnaşdylar. Bu barada Owganystanyň “Bakhtar” döwlet agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Hyradyň häkimi welaýatyň ykdysady we önümçilik kuwwaty barada maglumat berdi we sebitdäki işewürleriň Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge isleg bildirýändiklerini aýtdy.

Hyradyň senagatçylar birleşmesiniň agzalary Çişt Şarif etrabynda alynýan mermeriň hili barada gürrüň berdiler we Hyradyň Türkmenistanyň mermer isleginiň bir bölegini kanagatlandyryp biljekdigini bellediler.

Baş konsul öz gezeginde türkmen işewürleriniň hem Hyrat bilen ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidenti diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny belledi
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň bilim we ylym ministri bilen duşuşdy
Duşenbede türkmen-täjik işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
Täjigistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
04.07.2018 | Resmi habarlar