26-njy iýulda Owganystanda Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Prezident Gurbanguly Berdimhamedowyň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň delegasiýasy täze elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Belleýäris, bu Türkmenistanyň Owganystanda guran ýeke-täk elektrik geçiriji liniýasy däl. 2016-njy ýylyň martynda Owganystan ugry boýunça 145 km aralyga yzaýan Ýolöten-Tagtabazar elektrik geçiriji liniýasy hem gurlup, ulanmaga berildi.
Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistan elektrik energiýasyny Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan (TÖTOP) ugry boýunça eksport etmek niýetini hem mälim etdi. Bu Owganystanyň elektrik alyjydan elektrigi territoriýasy arkaly geçiriji ýurda öwrülýändigini aňladar.
Emma, bu proýektiň amala aşyrylmagyny Owganystandaky ýagdaýlar çylşyrymlaşdyryp biler. Mysal üçin, 2016-njy ýylyň fewralynda talyplar Türkmenistanyň serhedindäki elektrik geçirijini partlatmaga synanyşdylar.