Türkmenistan Owganystanda 500 adamlyk metjit gurdy

Türkmenistan Owganystanda 500 adamlyk metjit gurdy

Ýakyn wagtda türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanda gurlan 500 adamlyk metjit açylyp ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Akina şäherçesindäki bu desganyň gurluşygy 2018-nji ýylyň noýabrynda başlanypdy. Gurluşyk işlerini ýurdumyzyň Mazari-Şerifdäki konsullygynyň buýurmasy boýunça Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO owgan kompaniýalary amala aşyrdy. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen birlikde Türkmenistan Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda çaga dogrulýan öýi gurup ulanmaga berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan goňşy Owganystan döwletine metjit gurup berdi
Owganystanda Türkmenistanyň serişdelerine gurlan täze metjit açylar
Türkmenistan Owganystana goldaw bermäge toplumlaýyn çemeleşýär
Aşgabatda Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini uzaltmak baradaky ylalaşyga gol çekildi
Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinde bombaly hüjüm guraldy
01.08.2018 | Türkmen-owgan gatnaşyklary dost-doganlyk goldawy arkaly rowaçlanýar