Owganystanyň “Pajhwok” habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistan iki günlük arakesmeden soň Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna elektrik toguny ibermegini bir aý uzaltdy.
Ýatladýarys, Türkmenistan 1-nji ýanwarda Owganystana eksport edýän elektrik energiýasyny iki esse gymmatlatdy, ýagny bir kilowat toguň bahasyny $0,02 sent bolanlygyndan $0,04 sent etdi. Owganystana täze şertlerdäki şertnamany uzaltmakdan ýüz öwürdi we Türkmenistan şu sebäpden elektrik ibermegini kesdi.
“Pajhwok” habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen geçirilen gepleşiklerden soň elektrik togunyň iberilmegi wagtlaýyn dikeldildi.