Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek üçin baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltýar

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek üçin baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltýar

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek üçin baglaşan şertnamalarynyň möhletini uzaltmak üçin goşmaça ylalaşyklary baglaşar.

Goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Şeýle hem Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Owganystan Türkmenistandan başga-da Eýrandan, Özbegistandan we Täjigistandan elektrik energiýany import edýär.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenenergo” we DABS Hyrada elektrik energiýasyny ibermek boýunça gepleşikleri tamamladylar
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalaryň möhletlerini uzaldýar
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Resmi habarlar
Elektrik üpjünçiligi boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Owganystan Hyrada türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini artdyrmak boýunça işe başlady