Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli, şeýle-de pudaklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna-da garaldy.
Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek bellenildi.
Şeýle-de okaň: