Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda, Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini uzaltmak baradaky ylalaşyga gol çekildi
Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinde bombaly hüjüm guraldy
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda türkmen tarapynyň goldaw bermeginde täze metjit guruldy
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi