Türkmenistan Owganystana demirýol şahasynyň gurluşygyny tamamlamakçy. Berdimuhamedow ony bir ýyl mundan owal eýýäm, açypdy

Türkmenistan Owganystana demirýol şahasynyň gurluşygyny tamamlamakçy. Berdimuhamedow ony bir ýyl mundan owal eýýäm, açypdy

5-nji iýunda Türkmenistanyň injenerleri we demirýolçylary Akina (Owganystana) bardylar. Olar Antihoý-Akina demirýol gurluşygynyň şahasyny tamamlamakçy we özleri bilen zerur tehnikany hem enjamlary getirdiler diýip Türkmenistanyň DIM-gi habar berýär.

Bu demirýolyň gurluşygy baradaky ylalaşyga “Türkmen demir ýollary” edarasy we Owganystanyň demir ýol guramalary gol goýdylar.

Uzynlygy 30 kilometr bolan demirýol şahasynyň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlanypdy.

“Emma, dürli sebapler şol sanda, ýokanjyň ýaýramagy bilen ilteşikli demirýolyň 29 kilometr 200 metri guruldy.Çaklamalara görä, demirýolyň galan 800 metri bir aýyň dowamynda tamamlanar” diýip DIM ýazýar.

Şol bir wagtda, 2021-nji ýylyň ýanwarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani türkmen tarapynyň serişdesi we güýji bilen Owganystanyň çäginde gurlan Akina-Anthoý demirýoly, elektrik geçirijini we süýümli optiki aragatnaşygy ýoluny açypdylar. Uzynlygy 30 kilometrlik demirýoluň açylyş dabarasy wideýo şekilli bolupdy.

Soňra 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň beren maglumatyna görä, Owganystanyň “Akina-Anthoý” demirýolunyň böleginde gurluşyk işleri täzeden başlandy.

“Kerki-Ymamnazar-Akina-Anthoý” demirýolunyň gurluşygy 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda başlanypdy.The post Türkmenistan Owganystana demirýol şahasynyň gurluşygyny tamamlamakçy.

Berdimuhamedow ony bir ýyl mundan owal eýýäm, açypdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

London öňdeligi eýeledi
'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'
Albom çykmazdan, rekord goýdy
Tomus pasly üçin maslahatlar
Tomus pasly üçin maslahatlar
Ak kelemiň peýdalary…
Ak kelemiň peýdalary…