Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen bilelikdäki energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolan Owganystanyň çägindäki Serhetabat — Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy.
Şeýlede wekiliýet Arkadagyň ak ýoly atly optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini we Turgundy demir ýol bekediniň gury portunda ammarlar toplumyny hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar bölegini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri synlady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Owganystanyň çägindäki bu taslamalara badalga berildi.