Türkmenistan Omskdäki ýaşlaryň döredijilik festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan Omskdäki ýaşlaryň döredijilik festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 25 — 30-njy iýunda Omsk şäherinde geçirilen Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň döredijilik festiwalyna gatnaşdy. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Ýaşlar gününiň bellenilmegine gabat geldi.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde festiwala Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdy.

Festiwal maksatnamasy döredijilik, sungatyň we intellektual işjeňligiň dürli ugurlary boýunça birnäçe bölümleri öz içine aldy. Bu barada Asmannews ýazýar.

29-njy iýunda festiwala gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň köpçülikleýin lybaslary görkezilişi guraldy we şol gün rus meşhur estrada aýdymçylarynyň uly baýramçylyk konserti boldy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi
Aýdym-saz ruhy baýlygymyz
SAHNADA—MAGTYMGULY OPERASY
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy