Türkmenistan özbek ýer hozuny esasy import edijileriň biri boldy

Türkmenistan özbek ýer hozuny esasy import edijileriň biri boldy

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistandan ýer hozuny (arahis) import etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy. Has takygy, hasabat döwründe Özbegistanyň ýer hozunyň importynyň 6,3 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistan goňşy ýurtdan iň köp ýer hozuny satyn alan altynjy döwlet boldy. Şu ýylyň 8 aýynda türkmen bazary üçin Özbegistandan import edilen ýer hozunyň umumy möçberi 347 tonna deň bolupdyr.

Sanawyň ilkinji bäşliginden Azerbaýjan (1 müň tonna), Russiýa (892 tonna), Gazagystan (707 tonna), Gyrgyz Respublikasy (558 tonna) hem-de Pakistan (455 tonna) orun alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistanyň ýer hozunyň eksportynyň umumy möçberi 5,5 müň tonna barabar bolupdyr. Ýer hozunyň eksportynyň umumy bahasy bolsa 7,4 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 73,7 göterim köpdür.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan özbek pissesiniň esasy importýorlarynyň biri boldy
Türkmenistanyň raýatlary Özbegistana işewürlik maksady bilen köp bardy
Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen 193 sany kärhana hereket edýär
Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy ösüş görkezdi
Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy
Türkiyede işsizlik görkezijileri peselýär