Türkmenistan özbek pissesiniň esasy importýorlarynyň biri boldy

Türkmenistan özbek pissesiniň esasy importýorlarynyň biri boldy

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistandan pisse import etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy. Has takygy, hasabat döwründe Özbegistanyň pisse importynyň 6,3 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistan goňşy ýurtdan iň köp pisse satyn alan altynjy döwlet boldy. Şu ýylyň 8 aýynda türkmen bazary üçin Özbegistandan import edilen pissäniň umumy möçberi 347 tonna deň bolupdyr.

Sanawyň ilkinji bäşliginden Azerbaýjan (1 müň tonna), Russiýa (892 tonna), Gazagystan (707 tonna), Gyrgyz Respublikasy (558 tonna) hem-de Pakistan (455 tonna) orun alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistanyň pisse eksportynyň umumy möçberi 5,5 müň tonna barabar bolupdyr. Pisse eksportynyň umumy bahasy bolsa 7,4 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 73,7 göterim köpdür.

Ýene degişli makalalar

Pistorius: "Ukraina urşy halkara derejä eýe boldy" diýdi
Ýaşar Kemal
Germaniýanyň Goranmak ministri: "Goşunymyzyň ýurdy goramaga güýji ýok" diýdi
Bakuda Obadan şähere atly ýarmarka açyldy
Jumaýew bilen Ömirow Portugaliýa gran-prisindäki çykyşlaryny tamamlady
Germaniýanyň täze goranmak ministri bellendi