Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar

Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Halkara ulag diplomatiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň esasy mowzugy Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary (YYO) özara ykrar etmek hakynda üç taraplaýyn Ähtnamany baglaşmak meselesine bagyşlandy. Bu sebitleýin resminamanyň bu döwletleriň üstünden geçýän ulag-üstaşyr geçelgäniň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Türkmen tarapyndan, Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň hukuk esasynyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilendigi we bu maksatnamany doly iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi habar berildi. Şeýle-de Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary özara ykrar etmek babatda ikitaraplaýyn taslamalaryň işlenilýändigi, şunuň bilen baglylykda üç taraplaýyn sebitleýin taslama gyzyklanma bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy
Robot demirýolçy işe başlady
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 133 belgili buýrugy
Awtobus petekleriniň onlaýn satuwy gurnaldy