Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda, iki ýurt 19 resminama, şol sanda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi. Bu barada türkmen we özbek metbugat serişdeleri habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrdy.
Iki lider penşenbe güni Daşkendiň “Kuksaroý” köşgünde duşuşdy. Prezidentler bilelikde beýannama çap edip, türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegi wada berdiler.
Şeýle-de, saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 19 resminama, şol sanda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşyga gol çekildi.
Iki ýurduň arasynda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk barada hyzmatdaşlyk etmek, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylmy-barlag taslamalara boýunça bäsleşik geçirmek, tokaý hojalygynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly ylalaşyklary we maksatnamalary öz içine alýan on dokuz resminama gol çekildi.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda mebel toplumynyň, konditer, himiýa we oba hojalyk önümleriniň eksporty we importy barada şertnamalara gol çekilipdir.
“Şeýle-de, Türkmenistanda awtomobil önümçiligi boýunça kärhananyň taslamasyny düzmek hem-de Özbegistanda gurluşyk işlerini amala aşyrmak hakynda ylalaşyklar gazanyldy” diýip, TDH ýazýar. Türkmen metbugatyna görä, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň möçberi 450 million dollardan gowrak bolupdyr.
Galyberse-de, Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň araçäkleşýän sebitlerinde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny söwda merkezini döretmegiň ýol kartasyny, meýilnamalaryny kabul edipdirler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň baş redaktory Pahlawon Turgunow 14-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda saparyň gün tertibinde esasan söwda-ykdysady meseleleriň gozgalmagyna garaşylýandygyny gürrüň beripdi:
“Taraplar özara haryt dolanyşygynyň göwrümini ýakyn wagtda iki milliard dollara çykarmagy meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar. Bu, aslynda, onçakly uly san däl. Özbegistan bilen Türkmenistanyň söwda dolanyşygy Özbegistanyň, uzagrakda ýerleşýän, Hytaý ýa Russiýa bilen aradaky import-eksport sanlary bilen deňeşdirilende ençeme esse az, pesräk sanlar diýip bileris” diýip, žurnalist aýtdy.
Özbek metbugatyna görä, prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem belläpdir.
Galyberse-de, Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny, gaz we nebit önümlerini satyn almaga isleg bildirýär.
Özbek metbugatyna görä, Mirziýoýew Amderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda gol çekilen ylalaşygy “taryhy” atlandyrdy we munuň sebitde suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle-de, iki ýurduň döwlet baştutanlary duşuşyklarda beýleki meseleler bilen bir hatarda Owganystandaky ýagdaýlaryň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
“Owganystandaky ýagdaýlar şu gezekki gepleşikleriň möhüm meselesidir. Türkmenistan özbaşdak, şeýle-de halkara tagallalar bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, bu ýurduň ykdysady-durmuş taýdan dikeldilmegi üçin şertleri döretmäge, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge işjeň gatnaşmagyny dowam edýär” diýip, TDH türkmen prezidentiniň sözlerini getirdi.
Öz gezeginde, Mirziýoýew hem owgan meseleleri babatda bilelikde işlenjekdigini aýtdy.
“Biz Owganystandaky ýagdaý boýunça pikir alşyp, bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin mundan beýläk-de bilelikde işläris” diýip, Mirziýoýew aýtdy.
Öňki Sowet Soýuzynyň düzümine giren Türkmenistan we Özbegistan Merkezi Aziýada Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmadyk ýurtlar bolup durýar.
Özbek žurnalisti Pahlawon Turgunow 14-nji iýulda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda iki goňşy ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyklarda Owganystandaky ýagdaýlaryň hem ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
“Elbetde, Owganystan meselesi bar. Geçen hepde [Özbegistanyň] Suhandarýo welaýatyna Owganystandan atylan snarýad ýadyňyzdadyr. Bu, “Talyban” bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklere garamazdan, Özbegistana Owganystandan abanan howp boldy” diýip, žurnalist aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.