9-njy aprelde “Türkmenistan howaýollary” konsullygyň sanawy boýunça Kazan-Türkmenbaşy arasynda uçar gatnawyny amala aşyrar diýip howaýollary kompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň internet sahypasynda habar berilýär.
Kompaniýanyň maglumatlaryna laýyklykda, uçar bilen 45 kilograma çenli söwda ýüküni hem iberip bolýar.
Şonuň ýalyda, has ýeňil ýüki hem ýollamak mümkin. Emma, onuň bahasy edil 45 kilogramlyk ýüküň derejesinde bolar.
Bellemeli zat, mundan owal daşary ýurtlardan raýatlary alyp gelýän şeýle uçar reýsleri Türkmenistanyň esasy karantin lageri ýerleşýän Türkmenabat şäherine ýollanýardy.
Bir hepde mundan öň “Türkmen.News” neşiriniň çeşmeleriniň beren habaryna laýyklykda, Kazanda studentler bilen duşuşygynda Türkmenistanyň Kazandaky baş konsuly Atadurdy Baýramow serhetleriň 2023-nji ýyla çenli ýapykdygyny aýdypdyr.
Munuň yz ýanyndan neşiriň redaksiýasy bilen Ulýanow döwlet pedagogika uniwersitetiniň wekili Alekseý Osipow habarlaşyp, baş konsulyň şeýle senäni aýtmandygyny belläpdir. Osipowyň tassyklaýşyça, Baýramow diňe serhetleri açmak çylşyrymly mesele we iki ýurda bagly diýipdir.