Türkmenistan öz raýatlaryny daşary ýurtlarda goramak boýunça okuw geçirdi

23-nji aprelde Aşgabatda, Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) “Migrasiýa boýunça Aziýa regional programmasynyň” çäginde “Watandaşlary daşary ýurtlardaky krizis ýagdaýynda goramak” temasyndan seminar geçirildi diýip, “Arzuw news” habar berýär.

Seminara migrasiýa gullugynyň ygtyýarly wekilleri, DIM-niň, IIM-niň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň goranmak ministrlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Seminaryň maksady gatnaşyjylaryň HMG-nyň “Krizisi başdan geçirýän ýurtlardaky migrantlar” inisiatiwasyndan habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup, migrantlaryň goragsyzlygyny aradan aýyrmak üçin milli we halkara mümkinçilikleri pugtalandyrmaga gönüdirilen. Şeýle-de, seminar adatdan daşary ýagdaýlarda migrantlara kömek etmek boýunça görülmeli esasy çäreleri kesgitlemäge ýardam bermeli diýip, neşir ýazýar.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň Türkiýedäki türkmen raýatlaryny yzarlaýandygy baradaky habarlaryň ýaýran wagtynda bolup geçýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary biraz öň Türkiýeden dolanyp gelýän zähmet migrantlarynyň MHM we migrasiýa gullugy tarapyndan sorag etmelere we basyşa sezewar edilýändigini habar berdiler. Deportasiýa edilenleri ýurtdan goýbermesiz edilenleriň “gara sanawlary” diýilýbäne salýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Halkara migrasiýa guramanyň mejlisine gatnaşdy
R.Meredow: Türkmenistan howpsuz zähmet migrasiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyga taýýar
Türkmen wekiliýeti Belarus Respublikasynda saparda boldy
Türkmenistanda APIS ulgamyny ornaşdyrmagyň geljegine garaldy
Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň abadançylygy hakyndaky alada milli Liderimiziň syýasatynyň özenidir
Ýens Stoltenberg, Galla Krizisiniň Çözülmeginde Uly Rol Oýnan Türkiýä Sagbolsun Aýtdy