Türkmenistan mugt zatlaryň ählisinden dynýar

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” baş redaktory Ruslan Tuhbatullin ýurtda Aziadanyň öňüsyrasyndaky ýagdaý barada “CabarAsi“ neşirine interwiýu berdi.

Söhbetdeşligi IWPR-iň Bişkekdäki redaktory Timur Tokmanaliýew geçirdi.

Dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýan ýurt garaşsyzlyga çykan pursatyndan bäri iň agyr mailýe krizisini başdan geçirýär.

Ykdysady kynçylyklarynyň fonunda Türkmenistan şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Aziada -2017-ni geçirýär we ýurt eýýäm bu sport çäresini geçirmek üçin ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna barabar serişde harçlady. Bu pullar sport desgalarynyň we halkara aeroportyň gurluşygyna gitdi.

Garaşsyz metbugatyň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň aýagynda ýurduň ilaty, iň zerur azyk önümleriniň ýetmezçiligi esasynda, azyk krizisine uçrady. Şeýle-de, şu ýylyň ýazynda hökümetiň ilata mugt berýän tebigy gazynyň, suwunyň we elektrik togunyň möçberini düýpli çäklendirendigi habar berilýär.

Türkmen gaznasynyň esasy girdeji çeşmesi, ýurt garaşsyz bolan pursatyndan bäri, tebigy gazyň eksportyndan gelýän pullar bolup durýar. Gaz nyrhlarynyň aşak gaçmagy, türkmen tebigy gazynyň Hytaýdan başga alyjysynyň bolmazlygy birnäçe ýyl mundan öň başlanan kynçylyklaryň esasy sebäbi bolup durýar diýip, ekspertler aýdýarlar.

Garaşsyz web-portal bolan “Türkmenistanyň Hronikasynyň” baş redkatory Ruslan Tuhbatulliniň sözlerine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda bolan on ýylynda Türkmenistanyň öňki lideri Saparmyrat Nyýazowyň ýurt dolandyryşyndan düýpli bir tapawut bolmady.

Awstriýada ýaşaýan Ruslan Tuhbatullin IWPR bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda diktaturanyň dowam edýändigini, ýurduň ýaşaýjylarynyň perspektiwalarynyň bolsa aýdyň bolman galýandygyny gürrüň berdi.

— Türkmenistan barada gürrüň edilse, köpler mugt gazy, suwy we elektrik toguny ýatlaýar. Türkmen kommunizmi ýaşamagyny dowam etdirýärmi?

— Hakykatda häzir köp zat mugtlukdan daşda. Mugt gaz almagyň çägi bar, emma ol hemişe kemeldilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, hususy awtoulaglaryň eýelerine belli bir möçberdäki benzini mugt bermegi karar etdi. Emma häzir beýle zat ýok.

Ýurtda “mugt” zatlaryň ählisinden dynýarlar. 2015-nji ýylyň sentýabrynda Ýaşulular maslahatynyň bir agzasy “bagtyýarlyk we berkararlyk eýýamynda ilatyň şeýle bir baý ýaşaýandygyny, adamlaryň elleriniň uzadan ýerine ýetýändigini we elektrik togy üçin özleriniň töleg edip biljekdiklerini” aýtdy.

Elbetde, düşnükli zat, bu onuň öz inisiatiwasy däl, häkimiýetleriň teklibi bolmaly, emma olar muny halkyň pikiri ýaly edip öňe sürýärler.Soňra bu pikiri prezident Berdimuhamedow hem gaýtalady.Ol “ýeňillikli ýa mugt harytlaryň bazar ykdysadyýetine geçmekde päsgelçilik döredýändigini” aýtdy.

Soňra bu ideýadan el çekdiler, ýeňillikli ýa mugt berilýän harytlary saklap galdylar (bu ilatyň gaharlanmagy bilen bagly), emma ýeňillikleri hemişe kesýärler, kemeldýärler.Bu ýerde mesele mugt zatlaryň doly aýrylmagy dartgynlylyga getirer öýdülmegi bilen bagly, sebäbi Türkmenistanda şeýle-de krizis zerarly nägilelik ösýär.

Emma men ýakyn geljekde, her nähili-de bolsa, ýeňillikli ýa mugt berilýän harytlardan we hyzmatlardan barybir dynarlar öýdüp pikir edýärin.

HWF, Türkmenistanyň krizisden çykmagy baradaky programmany işläp düzmek bilen, şu ýylyň martynda pres-reliz çap etdi. Örän çylşyrymly beýan edilen, emma olar hemişe ýeňilliklerden we mugt zatlardan ýüz öwürmegi teklip edýärler, sebäbi bu býujet üçin uly ýük bolup durýar.

Biziň Türkmenistandaky çeşmelerimiziň habar bermeklerine görä, ýeňillikli berilýän harytlar we hyzmatlar eýýäm ýetenok we adamlar mugt berilýän möçberden artyk ulanan gazy, suwy we elektrik togy üçin töleg edýär. Häzir, haçanda mugt elektrik, gaz we suw ýatlanylsa, adamlar munuň resmi häkimiýetleriň görkezjek bolşy ýaly gowy zat däldigi barada gürrüň edýärler.

— Mekdebi we uniwersitetleri gutaran ýaş adamlar nirelerde işleýärler? Olar öz mümkinçiliklerini nähili ulanýarlar, nädip gazanç edýärler?

— Bu ýaş adamlar üçin örän agyryly tema, sebäbi ýurtda iş ýok.Regionlarda ýaşaýan adamlar, garaz, nähilem bolsa bir iş tapyp bolýan Aşgabada gelmäge çalyşýarlar.Emma Türkmenistanda işe ýerleşmek üçin propiska, ýaşaýan ýeriňe ýazgy edilmek gerek. Ýagny Aşgabatda diňe paýtagt propiskasy bilen işläp bolýar, propiska almak, özüňi resmi hasaba aldyrmak bolsa, hatda adam potensial iş ýerini tapanda-da, praktikada tas mümkin däl.

Mundanam başga, işe ýerleşmek üçin, aýratynam döwlet edaralarynda işlemek üçin uly möçberde para bermeli.

Oba ýerleri hakynda anyk bir zat aýtmak has-da kyn. Çakymça, ol ýerlerde adamlar çem gelen iş bilen gazanç etmäge çalyşýarlar. Ýaşlar barada gürrüňem etmäli, hatda elinde hünäri bolan adamlar hem şeýdip eklenýärler. “Azatlyk” radiosy Türkmenistanda işsizligiň tas 60 % derejesine barabardygyny habar berdi.

Köp adam ýurtdan gitmäge çalyşýar.Daşary ýurtda bilim almaga gurbaty çatanlar bolsa, şol ýerlerde galmaga ýykgyn edýärler.

Köp adam Türkiýä gidýär, aýallar çagalara, garrylara seredýärler, öý hyzmatçysy bolýarlar, erkekler gurluşyklarda ýa ýerli ilatyň işlemek islemeýän ýerlerinde işleýärler. Gaýtalaýaryn, işsizlik bu hakykatdanam uly problema we ol ýaşlary ullakan göwniçöküginlige salýar.

— Bu hili reallyklar astynda halkyň keýpi nähili? Emigrasiýa tendensiýasy barmy?

— Haçanda 2014-nji ýylda krizis başlananda, iş adamlarynyň köpüsi BAE-ne ýa başga ýurtlara gitdi.Häzir býujet edaralarynyň işgärleri hem ýurdy terk etmäge çalyşýarlar, ýöne muňa gozganmaýan emlägi satmakda döredilen kynçylyklar päsgel berýär. Çünki ýurtda walýuta çalyşmaga dilden gadaganlyk girizildi, jaý satmak örän kyn.

Manada (milli pula) jaý satmak manysyz, sebäbi ol konwertasiýa edilýän walýuta däl, manady “gara bazar” nyrhy esasynda çalyşmak bolsa amatly däl.Raýatlar haçan erkin walýuta çalyşmaga rugsat berler diýip garaşýarlar.

Hatda öz kwartiralaryny satmagy başaran adamlar üçin hem problema az däl. Mesele ýurtdan bir gezekde ABŞ-nyň 10 müň dollaryndan kän pul çykarmaga girizilen gadaganlyk bilen bagly. Mysal üçin, kwartiraňy 50 müň dollara satan bolsaň, puluňy ýurtdan çykarmak üçin, Türkmenistandan bäş gezek daşaryk çykyp, bäş gezek hem yzyňa gelmeli bolýarsyň.

Ýagdaýyň gowulanmagyna bolan umytlar barha we barha azalýar, çünki ýurtda “çemodan keýpi” gitdigiçe ýokary galýar. Ýöne men şol bir wagtda, aýdaly, Gyrgyzystanda bolşy ýaly, Türkmenistanda protest hereketleriniň başlanyp biljegine, häkimiýetiň güýç bilen çalşyrylmak mümkinçiligine şübhelenýärin.

— Häkimiýetleriň ýurda inwestisiýa çekmek babatdaky üstünlikleri nähili?

— Häkimiýetler emele gelen ýagdaýdan çykmak üçin hakykatdan hem ýurda inwestisiýa çekmäge çalyşýarlar, emma muňa maýadarlarda gyzyklanma ýok.Olar üçin bu ýurtda maýa ýatyrara ýer ýok.Türkmenistanda ähli biznes döwlet tarapyndan kontrollykda saklanylýar we ol aýdyň däl hem korrumpirlenen.

Bu hili ýagdaýda maýadarlar Türkmenistana girip, öz uly möçberli pullaryny kepilliksiz ýatyryp bilmeýärler, sebäbi olaryň pullary girdeji getirmekden geçen, ýöne saklanyp hem biljek däl.

Türkmenistan TOPH gaz geçiriji proýektiniň gurluşygyna (Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana çekilmeli 1,735 km magistral gaz geçirijisi) maýadarlary çekmäge synanyşdy, emma olar tapylmady.Maýadarlary çekmek üçin açyk-aýdyň ykdysadyýetiň bolmaly, ýurtdaky statistiki maglumatlara açyk elýeterlilik döretmeli, sudlar işlemeli.

Maýadar öňünden görülmedik ýagdaýlarda adalatly suduň kararyna bil baglap biljegine, öz hukuklarynyň goraljagyna ynamly bolmaly.Häzirlikçe maýadarlarda beýle ynam ýok.

— Türkmenistan haýsy ugra barýar? Onuň indiki onýyllykdaky ösüş strategiýasy nähili?

— Türkmenistanyň häkimiýetlerinde ne ösüş programmasy bar, ne-de haýsydyr bir strategiýa.Häzir, krizis şertlerinde, olar ýagdaýa görä hereket edýärler.Meniň ynanjyma görä, şeýle strategiýa 2010-njy ýylyň başynda, gazyň bahasy ýokary wagtynda hem bolmady, Hytaý bolsa ägirt uly kreditleri berdi.

Has anygy, Hytaý Türkmenistana diňe 2011-nji ýylda ABŞ-nyň 8 milliard dollary möçberinde karz pul berdi.

Häkimiýetlerde bolsa diňe bir “strategiýa” ak mermerli Aşgabady gurmak we abadanlaşdyrmak bardy. Ýurdy ösdürmek barada aýdylanda bolsa, häkimiýetler gaz bar, ol köp, bahalar ýokary we bu ýagdaý entekler uzak wagt saklanar öýdüp pikir etdiler. Emma ýagdaý başgaça boldy we Türkmenistan krizise düşdi.

Häzir Berdimuhamedowyň esasy wezipesi krizisden çykmak. Munuň üçin Halkara walýuta fondundan konsultantlar çagyryldy. Şol bir wagtda häkimiýetleriň öz planlary ýok, olar halkara ekspertlerine bil baglaýarlar.

— Bu hili ýagdaýda Türkmenistana köp milliardlyk çykdajyly Aziada geçirmek nämä gerek?

— Haçanda Türkmenistan Aziada geçirmek barada arza berende, ýurtda maliýe problemalary ýokdy, mundanam başga Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda olimpia medaly bolmadyk ýeke-täk ýurt.Meniň pikirimçe, häkimiýetler bu ýagdaýdan juda kemsinýärler we şunuň üçin-de olar Aziada geçirmek ideýasyna ýapyşdylar.

Hakykatda bolsa bu oýunlar uly ýa gerimli bir waka-da däl, eýsem regional bir çäre.Ol daşary ýurtlarda beýle bir meşhurlyga hem eýe däl.Emma bu prezident üçin abraýly proýekt.

Ol munuň dünýä derejeli wakadygyna ynanýar we şonuň arkasyndan bütin dünýä Türkmenistany, onuň gazanan üstünliklerini we beýlekileri biler diýip pikir edýär.Häzirki pursatda, Türkmenistanda uly maliýe problemalary höküm sürýän wagtynda, Aziada geçirmäge pul asla ýok.

Býujet işgärlerinden pul ýygnalýar, olaryň aýlyklarynyň bir bölegini tutup galýarlar. Ähli serişdeler, ätiýaç fondlary Aziada harçlanar.Ondan soň näme bolar bu belli däl.Emma gowulyk az bolar.

Ýene degişli makalalar

BBC: ylham berýän 100 zenan
ÝB Türkmenistany adam hukuklarynyň goragyny gowulandyrmaga çagyrýar
Gyrgyzystana Türkmenistandan eltilen gök önümler bir hepdeden hem az wagtda satyldy
Bişkekde Türkmenistandan baran ýükler garşylanyldy
Telekeçileriň ylalaşygy esasynda Türkmenistandan Gyrgyzystana ilkinji ýük iberildi
Gyrgyzystan gandöküşikli serhet çaknyşyklaryndan soň täjik ýolagçylaryna ýurda girmegi wagtlaýyn’ gadagan edýär
“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň sebitleýin bäsleşiginiň finalyna çykdy