Türkmenistan Moskwada geçirilen Ak hasa halkara festiwalynyň gala konsertine gatnaşýar

Türkmenistan Moskwada geçirilen Ak hasa halkara festiwalynyň gala konsertine gatnaşýar

Ertir Moskwadaky Crocus City Hall konsert zalynda Ak hasa XIV halkara haýyr-sahawat festiwalynyň gala konserti bolar. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşar.

portal-kultura.ru web sahypasynda habar berlişi ýaly, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly 11 ýurtdan görüşinde ýetmezçilik bolan 500 çaga ýylyň dowamynda saýlama konsertiň tapgyrlaryndan geçdi.

Crocus City Hall-daky gala konsertine diňe 70 çaga çagyrylýar. Finalçylaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri bar.

Çagalar Zara, Alsu, Lýusýa Çebotina, Şaman, Wanýa Dmitrienko, Anastasiýa Makeýewa, Denis Maýdanow, Mark Tişman, Anita Soý, Dmitriý Guberniýew, Ýuliýa Parşuta, Dmitriý Koldun, Aleksandr Panaýotow, Rodion Gazmanow ýaly meşhur sungat işgärleri bilen bir sahnada çykyş ederler.

Festiwal her ýyl 15-nji oktýabrda bellenilýän Halkara Ak hasa güni mynasybetli geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ak hasa kör adamy alamatlandyrýar.

Festiwalyň geçiş tertibi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar, onda görüşi pes bolan çagalar meşhur aýdymçylar bilen bilelikde çykyş edýärler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinanyň Mejlisiniň Başlygyny Kabul Etdi
Türk Lirasy Moskwa biržasynda
Russiýa bilen BAE-niň arasynda haryt dolanyşgy artýar
Denis Prosenkonyň kakasy türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi
Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar
Ukrainada Dikuçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Soňky Ýoluna Ugradyldy