Türkmen delegasiýasynyň Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzüminiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasyna sapary mahalynda 160 orunlyk “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu çagalar bagyny gurmak ideýasy Türkmenistanyň döwlet baştutany Gurbanguly Berdiumuhamedow tarapyndan 2013-nji ýylda, onuň Kişinýewe resmi sapary mahalynda orta atyldy. Çagalar bagynyň düýbi 2015-nji ýylyň maýynda tutuldy. Mekdebe çenli çagalar üçin gurlan desganyň açylyş dabarasyna Moldowanyň prezidenti Igor Dodon hem gatnaşdy.
Ýatladýarys, 15-nji maýda, daşary işler ministri reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda Moldowa Türkmenistanyň delegasiýasy geldi. Sapar wagtynda sowet esgerleriniň hatyrasyna dikilen ýadygärlik açyldy, onuň gaýtadan gurulmagyny türkmen tarapy maliýeleşdirdi.
Moldowanyň prezidenti Igor Dodon şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistana jogap saparyny amala aşyrar.