Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi

Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi

Ýyllarboýy erkin sözi basgylaýan Türkmenistan Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi.

“Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda habarlar diňe režimi taryplamaga gönükdirilýär” diýip, düýbi Parižde ýerleşýän gurama ýyllyk hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde aýdýar.

3-nji maý Bütindünýä metbugat azatlygy gününde çap edilen hasabat dünýäniň 180 ýurdunda we territoriýalarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna syn berýär.

“Öňki ýolbaşçynyň ogly, Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martyndaky prezident saýlawlaryndan soňra, senzura we žurnalistleriň yzarlanylmagy güýçlendi. Ähli media serişdeleri hökümet çyzgysyny ýaýmak we “Türkmenistanyň pozitiw keşbini” öňe sürmek bilen borçlandyrylýar. Prezidenti we beýleki resmileri tankytlamak gadagan edilýär” diýip, hasabatda Türkmenistandaky syýasy kontekst suratlandyrylýar.

Türkmenistandaky media giňişligi barada aýdylanda, hökümet gazetleri, radiony, telewideniýäni we Interneti berk gözegçilikde saklaýar.Internet ulgamyndaky maglumat çeşmeleri raýatlara elýeterli däl.Iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda TDH we “Türkmenistan”, “Bitarap Türkmenistan” gazetleri, şeýle-de Altyn Asyr ýaýlymy hökümet propagandasyny ýaýýar.

Garaşsyz ýa-da garşylyk media serişdeleri, şol sanda Turkmen.news, Türkmenistanyň hronikasy, Türkmen Yurt TW we Gundogar.org daşary ýurtda iş alyp barýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Turkmen.news neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew 3-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň media giňişligini suratlandyrdy.

“Gynansak-da, ýurduň içinde media azatlygynyň ýagdaýy has erbet.Geçen ýyl prezident hem täzelendi welin, ýöne hiç hili ýeňillik ýok. Şol öňküsi ýaly, garaşsyz habar beriş serişdeleri, maglumat ugradýan raýatlarymyz yzarlanýar.

Häkimiýetler we güýç edaralary reportýorlara, habarçylara gyýa göz bilen garaýarlar olara dönük hökmünde seredýärler, olary dönük hasaplaýarlar, bizi hem dönük hasaplaýarlar” diýip, Türkmenistan barada garaşsyz habarlary çap edýän Turkmen.news neşiriniň baş redaktory aýtdy.

Žurnalistler häkimiýetleriň halamaýan maglumatyny çap etseler, resmiler olara jenaýat aýyplamalaryny ýöňkemäge ýaýdanmaýarlar diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Türkmenistanda üç ýyl töweregi mundan ozal tussag edilen raýat žurnalisti Nurgeldi Halykow heniz hem gözenegiň aňyrsynda galýar. Mätiýew Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Halykowyň ykbalyna ünsi çekdi we onuň tussaglyk şertleriniň agyrlaşdyrylmagyndan howatyr edilýändigini gürrüň berdi.

“Halykow barada aýratyn gürrüň etsem, ol heniz hem jeza gabawhanasyna salynýar. Biziň saýtymyzda ýa-da başga bir saýtda onuň ady çyksa, onuň ýagdaýy barada maglumat, habar çyksa, her sapar, jeza gabawhanasyna salynýar” diýip, žurnalist aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda, şeýle jeza çäreleri birnäçe gezek gaýtalansa, žurnalistiň türme şertleriniň agyrlaşmagyndan howatyr edilýär.

Hasabata görä, dünýäde we sebitde metbugat azatlygynyň ýagdaýy ýaramazlaşýar. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan metbugat azatlygynda 50 diş aşaklap, 122-nji orna düşdi. Gazagystan 12 diş peselip, 134-nji orna, Özbegistan 4 diş peselip, 137-nji orna düşdi. Öňler Gyrgyzystan Merkezi Aziýa sebitinde erkin metbugaty has az çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda gelýärdi.

Türkmenistan tas elmydama metbugat azatlygy hasabatynda soňky üçlüge girýärdi. Türkmen režimi erkin metbugaty gysmakda köplenç Demirgazyk Koreýa we Ertireýa bilen bäsleşýärdi. Ýöne bu sapar Türkmenistan we Eritreýa yzdaky orunlary Hytaýa we Wýetnama gapdyrdy. Soňky sanawda Demirgazyk Koreýa 180-nji, Hytaý 179-njy we Wýetnam 178-nji orny eýeledi.

Hytaý sanawda “propaganda maglumatlarynyň iň iri eksportçysy” we dünýäniň iň uly “žurnalist tussag edijisi” hökmünde häsiýetlendirilýär.

Türkmenistanyň hökümetçi elektron neşirleri we döwlet media serişdeleri Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabaty barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy
Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar
Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýene üç sany syýasy tussagyň we aktiwistleriň işlerine gözegçilik eden MHM-niň wekiliniň atlary belli boldy
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar