Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça reýtingdäki ornuny yzygiderli dördünji gezek gowulandyrýar

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça reýtingdäki ornuny yzygiderli dördünji gezek gowulandyrýar

“Serhetsiz reportiýorlar” (SR) atly hökümete degişli bolmadyk Halkara gurama “Metbugat azatlygy boýunça Bütindünýä indeks-2022” diýen hasap boýunça 20-nji hasabatyny çap etdi.

Gurama dünýäniň 180 ýurdunda jurnalistika işleriniň şertlerine baha berýär.

Indeks düzülende täze metod ulanyldy we jurnalistika işlerine bäş sany görkeziji esasynda baha berildi: syýasy kontekst, hukuk esas, ykdysady kontekst,sosial-medeni kontekst we howpsuzlyk.

Netijede, Türkmenistan 180 ýurdyň arasynda 25,01 ball alyp, 177 orny eýeledi.

“Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanda habarlar diňe rejimi mahabatlandyrmak üçin bar” diýlip hasabatda aýdylýar.

2021-nji ýylda hasaplamanyň başga usuly ulanylanda, Türkmenistan 178 oruny eýelese, 2020-nji ýylda yzdan ikinji,179 oruny, 2019-njy ýylda ahyrky, 180 oruny eýeläpdi.

“SR-niň” ýazmagyna görä, 2022-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryndan soňra Türkmenistana öňki prezidentiň ogly ýolbaşçy bolanda,senzura we jurnalistleriň yzarlanmagy güýçlendi.Ýurtdaky KHS hökümetiň pozisiýasyna eýermeli we Türkmenistanyň oňyn imijini döretmeli. Prezidenti we beýleki resmileri tankytlamak gadagan.Kadalara eýermekden boýun gaçyrmaga gaýrat tapan jurnalistler yzarlamalara, azatlykdan mahrum edilmelere we gynamalara duçar boldular.

2013-nji ýylda kabul edilen we senzurany gadagan edýän kanuna garamazdan,çap edilýän ähli maglumatlara hökümet gözegçilik edýär.Türkmenistan boýunça daşary ýurt internet saýtlary petiklenýärler,hatda, petiklenen maglumat serişdeleriniň açyk reestri ýok.

Ýurtda galan az sanly jurnalistler, şeýlede çet ýurt neşirleriniň çeşmeleri türmä basylmak töwekgelçiligi bilen gizlin işlemäge mejbur bolýarlar. Şeýlede häkimiýetler olaryň hossarlaryna basyş edýärler diýip hasabatyň Türkmenistana degişli böleginde aýdylýar.

Merkezi Aziýada metbugat azatlygy iň ösen ýurt Gyrgyzystan 72 oruny, Gazagystan 122 oruny, Özbegistan 133 we Täjigistan 152 orunlary eýelediler.

Dünýäde metbugaty iň azat ýurtlar diýlip Norwegiýa, Daniýa, Şwesiýa, Estoniýa,Finlandiýa, Irlandiýa, Portugaliýa, we Kosta Rika ykrar edildi.

Iň ýaramaz döwletler hökmünde-Demirgazyk Koreýa, Eritreýa, Eýran, Türkmenistan, Birma, Hytaý, Wetnam, Kuba, Yrak,Siriýa we Palestina ykrar edildThe post Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça reýtingdäki ornuny yzygiderli dördünji gezek gowulandyrýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň metbugat azatlygyna pes baha berildi
Türkmenistan global terrorizm reýtinginde iň howpsuz ýurt diýlip ykrar edildi
Senagat Önümçilik Indeksi 8,9 Göterim Artdy
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary rekord derejesine galýar
"Horasanyň yslam döwleti": olar aýratyn näme görkezýärler we näme gazanýarlar?
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy