Ruslan Tuhbatullin
Orsýetiň “Regnum” habar agentligi 9-njy fewralda, Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşiginiň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent Ýuriý Aronskiniň awtorlygynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleri hakynda örän geň-taň makala çap etdi.
Bu geň-taňlyk tekstiň stilistikasy bilen bagly, ol TDH döwlet habar gullugynyň žurnalistleriniň tekrarlaýan delillerini, analiz usullaryny we epitetlerini: JIÖ ösüşiniň öňki ýyldaky ösüşiň prosentlerine esaslanýan, pul şekilinde haýsydyr bir nominal san agzalman çykarylýan netijelerini, “sosial transferler” ýa-da sadarak aýdylanda, indi “has anyk ugurlara gönükdirilen”, ýagny “has mätäçlerden“ başga adamlaryň hemmesi üçin ýatyrylan tölegsiz jemagat hyzmatlary hakynda aýdylýanlary doly gaýatalýar.
Raýatlaryň ykdysady işjeňlikleriniň ösüşi hakynda getirilýän maglumatlar, ýene diňe prosentler görnüşinde, 2014-nji ýyl ykdysady krizisiň başlanan wagty bilen çäklenýär.
Makalada azyk harytlarynyň gytçylygynyň ýüze çykyşy, erkin konwertasiýanyň gadaganlygy, walýutanyň “gara bazarynyň” döremegi we gülläp ösmegi, ozalky eden işleriniň hakyny alyp bilmeýän daşary ýurt kompaniýalarynyň problemalary, bahalaryň kesgin ýokarlanmagy hem-de iş orunlarynyň kemelişi hakynda bir söz hem ýok.
Awtoryň şahsyýeti hem kän tanalmaýar, ulgamlarda onuň ady bilen çap edilen başga analitiki makalany tapmak başartmady.
Görnüşinden, bir zamanlar türkmen DIM-niň başlygynyň orunbasary Wepa Hajyýewiň hukuk goraýjylary psihologiki basyşda aýyplanda aýdyşy ýaly, bu makala tendensioz häsiýete eýe. Ýöne, Orsýetiň köpçülikleýin habar berş serişdelerinde aýdylyşy ýaly, bu “meniň öz çykaran şahsy netijäm”.
“Regnum” bu makalanyň reklama ýa hyrzmatdaşlyk häsiýeti barada hiç bir diskleýmer getirmeýär, ýogsam bolmasa ol redaktoryň gözegçiliginden hem geçirilmeli. Emma muny neşiriň öz wyždanyna galdyralyň, üstesine “Regnum” hökümete tarapdar “ekspertler” bilen hyzmatdaşlykda birinji gezek görülmeýär.
Orsýetiň “Rosbalt” neşiri 2017-nji ýylyň fewralynda Geldi Kärizow hakynda açyk zoňtar makala çap etdi, onda, sypaýyçylykly aýdylanda, üstünden suda şikaýat edip boljak ýaramaz epitetler we tassyklanmadyk aýyplamalar getirilýär.
Onsoň bu ýerde ýagdaýa doly baha berilmän, diňe bir tarapyň pikiriniň getirilýändigi barada aýdyp oturmak gerekmi?
Müň sözüň deregine
Bu mysalda ol ýa-da beýleki neşiriň at-abraýy wajyp däl. Esasy mesele tutulan maksatda, neşiriň seçgisinde we nazarda tutýan auditoriýasynda. Kime we näme üçin häzir, üç ýyla çeken krizizden soň, türkmen ykdysady syýasatynyň üstünlikli bolandygyny ynandyrmak zerurlygy ýüze çykdy?
Bu soraglara jogap bermäg çalşyp, biz konspirologiýanyň yrga topragyna aýak basmaga mejbur bolýarys, emma umuman alnanda türkmen hakykatyny analizlemek synanyşygy, hiç hili ynamdar statisiki maglumat bolmansoň (muny “Regnumyň” makalasy hem tassyklaýar), dildüwşük teoriýasyna dahylly edilip bilner. Awtor obýektiwlige ymtylmaýar, eýsem oýlanmak üçin teme hödürlemek isleýär.
Ýuriý Aronskiniň makalasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orsýetiň nebit-gaz pudagyna maýa ýatyrmakda ýöriteleşen ARETI holdinginiň başlygy Igor Makarow bilen duşuşygynyň iki gün soňundan çap edildi.
Biznesmen, TDH-nyň ýazmagyna görä, Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirdi, emma hiç bir anyk proýekt agzalmady.
Daşary ýurtda, häzirki ýagdaýda Orsýetde türkmen ykdysadyýetiniň ýagdaýy ilkinji nobatda bu ýurtda maýa ýatyrmaga taýýar maýadarlar üçin gyzykly bolup biler.Emma ykdysadyýetiň barha we barha kän tupan turuzýan pursatynda pul-maýa ýatyrmak beýle bir gowy pikir däl.
Türkmenistanda krizisden çykmak boýunça hiç bir reforma we plan agzalmaýar we olaryň ýokdugyny doly ynam bilen aýdyp bolar.Biz hünärli adamlaryň ýok wagtynda gysga möhletde importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek programmasyna, pagta we bugdaý öndürmek boýunça döwlet planlarynyň saklanyp galýan wagtynda ýeri daýhanyň hususy eýeçiligine geçirmeklige çynlakaý seretmeýäris.
Bu ýerde onsoň diňe ýaramaz oýunda gowy ýüzli bolmak synanyşygy galýar. Şol bir wagtda, maýadarlaryň gözi bilen seredilse, bu ýagdaýda “Regnumyň” “ýüzi” örän gelşiksiz görünýär.Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşiginiň başlygynyň sözlerine HWF-nyň hasabaty we häkimiýetleriň olaryň rekomendasiýa-maslahatlaryna eýermek niýetleri biraz agram berip bilerdi.
Emma, fonduň işgärleriniň saparynyň netijeleri boýunça çap edilen hasabat, eger-de ünsli okasaň, asla öwgüli däl we ýurduň häkimiýetleri ekspertleriň maslahatlaryna gulak asmak isleglerini, mugt jemagat hojalygy hyzmatlaryndan el çekmekden başga, asla görkezmediler.
Bu hili ýagdaýda hatda “Ejemden ant içýärin, JIÖ ösýär” görnüşindäki kepillendirmeler esasynda uly bolmadyk serişde ýatyrmak hem gümürtik bir iş bolup görünýär.Türkmenistanyň halkara kompaniýalary bilen oňaýly hyzmatdaşlygy baradaky mysallar kän däl, emma tersin mysallar welin barha köpelýär: MTS-iň ýapylmagy, prezidente iň ýakyn duran türk gurluşyk firmasy diýip bilinýän “Polimex“ bilen arada berginiň tölenmezligi sebäpli dörän mesele, ownuk gurluşyk firmalarynyň durmuşa geçiren proýektleriniň puluny alyp bilmezligi sebäpli edýän şikaýatlarynyň köpelmegi.
Emma, prezident Berdimuhamedow syýasy planda hiç bir zady üýtgetmezden inwestisiýa çekmegi buýurdy, şol bir wagtda-da muny nädip etmelidigini anyklaşdyryp durmady.
Türkmenistanyň ykdysatçylarynyň we maliýeçileriniň saýlaw-seçgisi hakykatdanam kän däl, döwlet baştutanynyň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabaty stoluň üstünde goýmagy gerek.Elbetde, makala çap etmek hem iş.Emma, ol nä derejede peýdaly, özem onunjy derejeli iş.