Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.

Gullugyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda kabul edilen Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan birnäçe meselelere seredildi.

Taraplar bu geçirilýän iş duşuşygynyň ýokary ähmiýetini belläp, harytlaryň gümrük nokatlaryndan bikanun geçirilmegine garşy göreş işleriniň alnyp barlyşy, harytlar gümrük serhetlerinden geçirilende töwekgelçilikleri aradan aýyrmak, sebitara maglumat alyş-çalşygynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça hem özara pikir alyşdylar.

Merkezi Aziýa-Hytaý gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň bu duşuşygy ýokary netijeli boldy, diýlip habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Özbegistan gümrük hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işgärleri 2025-nji ýyldaky çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar
Ýaponiýanyň gümrükçileri bilen “Bir penjire” ulgamy boýunça tejribe alşyldy
Ýaponiýaly hünärmenler bilen gümrük ulgamynda tejribe alşyldy
Türkmen ilçisi Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti