ABŞlary Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky XII asyryň ýadygärligi bolan “Hudaýberdi öwülýa”mawzoleýini gorap saklamak baradaky taslama howandarlyk eder diýip BŞ-yň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.
25-nji awgustda Amerikanyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimou we Türkmenistanyň taryhy, medeni ýadygärlikleri öwrenmek,restawrasiýa etmek boýunça milli edarasynyň başlygynyň yglan etmegine görä, bu taslama “ilçiniň milli mirasy gorap saklamak Gaznasy” baradaky maksatnamalarynyň çäginde nobatdaky pul kömegine mynasyp boldy.
“Bu grant geljekgi nesil üçin diňe bir taryhy mirasy gorap saklaman, tebigaty goramak boýunça amerikaly we türkmen hünärmenleriniň tejribe hem bilim alyş-çalyşygy üçinem mümkinçilikler döreder” diýlip resmi maglumatda nygtalýar.
Emma, pul kömeginiň mukdary habar berilmeýär.
Bu gazna Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärlikleri täzeden dikeltmek barada yzygiderli serişde berýär.
Gazna 2001-nji ýylda jemi bahasy 1,8 million dollarlyk onlarça taslamany maliýeleşdiripdi.
Türkmenistan medeni mirasyny dikeltmek üçin beýleki ýurtlardan iň köp pul alan ýurt bolup durýar.
2020-nji ýylyň güýzünde ABŞ-niň Türkmenistanda gadymy golýazmalaryň dikeldilmegini maliýeleşdirjekdigi mälim boldy.
Bu 28-nji grantdy.Hudaýnazar-öwülýa mawzoleýini täzeden dikeltmek pul kömegi bolsa, 29-njy bolup durýar.The post Türkmenistan medeni ýadygärliklerini goramak üçin ABŞ-dan 29-njy granty aldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.