Türkmenistan Mary DES-ny güýçlendirmek isleýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 1-nji martdaky mejlisinde wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe Mary döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary, materiallary we himiki serişdeleri satyn almaga rugsat berdi. Bu elektrik stansiýasynyň kuwwatyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Gürrüň 1973-nji ýylda gurlan, kuwwatlylygy 1250 MBt bolan gidroelektrik stansiýasy hakynda barýar.

Wise-premýeriň beren maglumatlaryna görä, abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, stansiýanyň kuwwatynyň 650 megawatdan 1000 — 1200 megawata çenli artjakdygy aýdylýar.

TDH-nyň habar bermegine görä, bäsleşigiň netijeleri boýunça işleri ýerine ýetirmek hem-de zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak Çalyk Enerji Sanayi ve Tijaret A.Ş. kompaniýasyna ynanyldy.

Ýatladýarys, 2018-nji ýylyň sentýabrynda Maryda kombinirlenen bug-gaz elektrik stansiýasy açyldy, onuň Mary DES tarapyndan utgaşdyrylan dolandyryş esasynda işlediljegi aýdyldy. Onuň kuwwatlylygy 1574 MBt-1 barabar.

Türkmenistan, uzagyndan daşary ýurtlara eksport etmek üçin, elektrik energiýasynyň önümçiligine işjeň maýa ýatyrýar.

“Elektrik energiýasyny öndürmek tutuş dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar” diýip, TDH döwlet baştutanynyň szölerini salgylanýar.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi
Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar