Türkmenistan - Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň Petronas halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.Wekiliýete kompaniýanyň wise-prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Datuk Mohd Anuar Bin Taib ýolbaşçylyk edýär.

Ol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri hödürledi.Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Açyk gapylar syýasatyny alyp baryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge, hususan-da, gazy çykarmak hem-de öndürmek babatda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Baştutanynyň Malaýziýa bolan resmi saparynyň barşynda ileri tutulýan birnäçe ugurlar boýunça, şol sanda iki ýurduň ykdysadyýeti üçin ähmiýetli bolan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Petronas kompaniýasy hem bu hyzmatdaşlyga uly goşant goşýar.Bu halkara nebitgaz kompaniýasy Hazar deňzinde ýalpaklygyň 1-nji toplumynyň önümlerini paýlaşmak hakynda baglaşylan 26 ýyllyk şertnamanyň esasynda ýurdumyzda 22 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär.

Petronas Türkmenbaşy şäherinden günorta-günbatara tarap 80 kilometrlikde ýerleşen bu ýerlerde gazy agtaryp tapmaga, ýatagy işläp taýýarlamaga we gazyp almaga ABŞ-nyň 10,7 milliard dollaryna golaý maýa goýdy.

Häzir bu ýerde gaz kondensatynyň gije-gündizleýin ortaça önümçiligi 3 müň 500 tonnadan gowrakdyr, 2019-njy ýylda kompaniýa bu görkezijini 4 müň 129 tonna çenli artdyrmagy maksat edinýär. 1998-nji ýyldan başlap kompaniýa Petronas Tehnologiýa uniwersitetinde bilim aljak Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin halkara bilim maksatnamasyny amala aşyrýar.

Bu ýokary okuw mekdebi, şeýle hem bilim bermek we barlag işlerini alyp barmak üçin oňaýly ýagdaýlary döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdi.

Datuk Mohd Anuar Bin Taibiň belleýşi ýaly, Petronas Türkmenistan bilen gatnaşyklara buýsanyp, ýurduň degişli edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.Nebite we gaza baý türkmen känleri maýa goýumlary hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açar diýip, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Petronas kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsi üçin çuňňur hoşallygyny aýdyp, geljekde hem gury ýerde we Hazar deňziniň türkmen böleginde barmasy kyn bolan ýataklary gözläp tapmak, işläp taýýarlamak babatda öňdebaryjy, ýokary netijeli tehnologiýalary hödürlemäge taýýarlygy beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda kompaniýanyň wekilleri Türkmenistan bilen ylalaşyklary uzaltmak hakyndaky meseläni gozgadylar, şeýle hem nebithimiýa ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Geçen ýylyň oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap toplumyň binýadynda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirilýändigi aýdyldy.Bellenilişi ýaly, ýokary hilli eksport ugurly önümleriň önümçiligini ugur edinýän gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýakyn wagtda ýurdumyzda gazhimiýa önümlerini öndürýän, şol sanda pes dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, poliwinilasetat, poliwinilhlorid, metanol, suwukhlor, natriniň sulfatyny öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli ýöredýän ýangyç-energetika syýasaty bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli kabul edişlik guraldy
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Petronasyň baş menejeri kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň baý taryhy barada çykyş etdi
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy