Türkmenistan lukmanlaryny jynsy keseller barlagyndan geçirýär, raýatlary LGBT 'şugulçylygyna' çagyrýar

Türkmenistan lukmanlaryny jynsy keseller barlagyndan geçirýär, raýatlary LGBT 'şugulçylygyna' çagyrýar

Türkmen kardiology öz gomoseksuallygy hakynda gürrüň bereninden soň, Türkmenistan üçin uly galmagala öwrülen waka bilen baglylykda, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi saglyk işgärleriniň arasynda däp bolmadyk jynsy ugurly adamlary ýüze çykarmak tagallalaryny etmäge başlandy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýerli habarçylaryna salgylanyp habar berýär.

Bu çäre Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky LGBT jemgyýetiniň agzalarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada 24 ýaşyndaky kardiolog Kasymbaerdi Garaýewiň ykbaly bilen bagly çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde erkek bilen erkegiň arasyndaky jynsy gatnaşyk jenaýat hasaplanýar.

Kodeksiň 135-nji maddasynda (Beçebazlyk) aýdylmagyna görä, “erkek adam bilen zyna eden erkek adama iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär”.

Türkmenabatda geçirilen ýygnakda çykyş eden polisiýa işgäri raýatlaryň bu hili "jenaýatlardan" habarly bolup, olar barada häkimiýetlere habar bermezliginiň hem "jenaýatdygyny”, kimde-kim däp bolmadyk jynsy ugurly adamlary bilýän bolsa, olar barada polisiýa habar bermelidigini, özlerine mälim bolan jenaýat barada habar bermedik adamlaryň kanun esasynda jogapkärçilige çekilýändigini hem ýatlatdy.

TH-nyň maglumatyna görä, Saglygy goraýyş ministrliginiň welaýat bölümleriniň ählisinde bu meselä bagyşlanan ýygnaklar geçirildi we diňe bir mesele - “öz ahlaksyz hereketleri bilen biziň hünärimizi (lukmançylygy red.belligi) masgaralan wraç” hakynda gürrüň edildi. Şeýle ýygnaklaryň biri 28-nji oktýabrda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän welaýat saglygy goraýyş bölüminde (ozalky oblast saglygy goraýyş edarasy) geçirildi.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň neşiri bu ýygnaga welaýatyň saglyk edaralarynyň işgärleriniň çagyrylandygyny habar berýär.Tribunada sebitiň saglygy saklaýyş ýolbaşçylaryndan başga, hukuk goraýyş gurluşlarynyň wekilleri, welaýat häkiminiň hukuk meseleleri boýunça orunbasary hem boldy. Ýygnagy alyp baryjylar gürrüňi edilýän mesele boýunça türkmen dilinde degişli sözleri saýlap alyp bilmän, örän oňaýsyz boldular.

Görnüşinden, Aşgabatdan lukmanlaryň arasyndaky geýleri we lesbianlary ýüze çykarmak barada görkezme gelipdir diýip, habarda aýdylýar.TH-nyň maglumatyna görä, ýygnak netijesinde iki hepdäniň içinde saglyk işgärlerini, şepagat uýalaryndan başlap, şäher sanepidemologiýa stansiýalarynyň baş lukmanlaryna çenli, ähli hünärmeni jynsy gatnaşyk esasynda geçýän keselçilikleri ýüze çykarmak üçin barlagdan geçirmek kararyna gelindi. Şol bir wagtda, haýsy günlerde haýsy saglyk edaralarynyň işgärleriniň gan barlagyndan greçiriljekdigini görkezýän tertip ýazgysy hem taýýarlandy.

Elbetde, saglyk analizi pully we her barlagdan geçen saglyk işgäri öz jübüsinden 270 manat töleg tölemeli bolar. Şeýle-de, obalardaky saglyk edaralarynyň işgärlerine öz berkidilen 14-50 ýaş aralygyndaky ýaşaýjylaryny gözden geçirmek tabşyryldy.

TH bu hili ýygnaklaryň Mary welaýatynyň saglygy goraýyş bölüminde hem geçirilendigini, ýöne bu duşuşyk barada anyk maglumatlary alyp bilmändigini habar berýär.Bu çäreler Azatlygyň 21-nji oktýabrda Türkmenistandaky azlyklaryň, hususan-da däp bolmadyk jynsy ugurly adamlaryň kynçylyklary barada çap eden habaryndan soň, resmi taýdan açyk reaksiýa bilidirlmezden, aşaklykdan görülýäne meňzeýär.

Azatlyk ilki, howpsuzlyk aladalary sebäpli, özüniň geýdigini açyk aýtmak we bu mesele boýunça açyk pikir alyşmalara başlamak islän ýigidiň adyny üýtgedip çap etmek kararyna geldi.Emma makala çap edilenden soň, polisiýa 24 ýaşyndaky kardiologyň şahsyýetini anyklady we ol 24-nji oktýabrda polisiýa çagyryldy. Şondan soň Azatlyk K.Garaýew bilen aragatnaşygyny ýitirdi we onuň nirede we nähili ýagdaýda saklanylýandygyny näbelliligi, raýatlarynyň türmelerde ýitirim bolmagy we ol ýerden käte diňe ölüp çykmagy bilen bilinýän Türkmenistanda öz jynsy ugruny açyk aýdan erkegiň ykbaly barada “çuňňur aladalaryň” bildirilmegine alyp geldi. “Türkmenistanda bir erkegiň öz jynsy ugruny jemgyýetçilige aýan edenden soň ýitirim bolmagyndan alada edilýär” diýip, HRW 1-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy. “Türkmen hökümeti Kasymberdi Garaýewiň tussaglykdadygyny ýa däldigini gyssagly aýdyňlaşdyrmaly we, eger ol tussagda bolsa, derrew boşatmaly hem-de onuň näme üçin saklanandygyny düşündirmeli” diýip, beýanatda nygtalýar. “Biz Kasymberdi Garaýewiň, öz jynsy ugruny aýan edeninden soň, hiç kime görkezilmän saklanylmagyndan çuňňur alada galýarys” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy. “Türkmen hökümeti şol bir jynsdaky adamlaryň öz aralarynda ylalaşmagy esasynda edýän gatnaşyklaryny jenaýat hasaplamagyny bes etmeli we LGBT adamlaryny zorlukdan we kemsitmeden goramak çärelerini görüp başlamaly” diýip, Denber aýtdy. “Olar derhal Garaýewiň nirededigini we aman-esendigini anyklamak çärelerini görmeli” diýip, HRW-nyň resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

HRW Türkmenistany ýitirim bolan geý erkegiň nirededigini aýdyňlaşdyrmaga çagyrýar
2024 - Türkmenistanda pasport almaga islegleriň we kynçylyklaryň güýçlenen ýyly
Mogerininiň Aşgabada edýän saparynyň öňýany, HRW ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekdi
ÝB-niň sebitdäki adam hukuklaryna üns bermegine çagyrylýan wagtynda Mogherini Aşgabada barýar
Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ylalaşygyny baglaşdy, adam hukuklary sorag astynda galýar
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistany Allaberdiýewi azat etmäge çagyrýarlar