Türkmenistan 25-nji iýundan başlap daşary ýurtly sürüjileriň we üstaşyr geçýän ýük ulaglarynyň öz ýüklerini Merkezi Aziýa ýurtlaryna äkitmek üçin Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Derregez şäherindäki Lotfabad serhet geçelgesinden geçirip biljekdiklerini habar berdi. Bu barada Horasan-Rezawi welaýatynyň Üstaşyr we awtoulag daşaýyşlary müdirliginiň ýolbaşçysy Morteza Mojaradiniň beýannamasyna salgylanýan IRNA ýazýar.
Türkmenistan bilen Eýran Demirgazyk-Gündogar halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde bu serhet geçelgesini açmak barada ylalaşdylar.Sarahs (Türkmenistan) — Farýab (Özbegistan) ugry ýaly, Türkmenistanda Kaka şäheriniň serhet müdirligi Lotfabad (Eýran) — Farýab (Özbegistan) üstaşyr ugur açyldy diýip, eýranyň wezipeli adamy mälim edýär.
Mojaradiniň sözlerine görä, Eýranyň ýük ulaglary Türkmenistandan Lotfabad ýa-da Sarahs serhet nokatlarynyň üsti bilen Eýrana dolanyp bilerler.Lotfabad barlag-geçiriş nokady eýran-türkmen serhedinde, Eýranyň Maşat şäheriniň 300 km demirgazygynda, Aşgabadyň bolsa 110 km gündogarynda ýerleşýär.