Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Liwan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Najib Mikatine we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Liwan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Najib Mikatine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Liwan Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.