Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Maglumat hökmünde ýatlatsak, AP habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah 86 ýaşynda aradan çykdy.Nawaf Kuweýt döwletiniň 16-njy Emiridir.
Ol 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bu ýokary döwlet wezipesine bellenipdi.Kuweýtiň 16-njy Emiri 1937-nji ýylyň 25-nji iýunynda El-Kuweýt şäherinde dünýä indi.Ol ýurduň içeri işler ministri, goranmak ministri, Premýeriň orunbasary wezipelerinde zähmet çekdi. 2006-njy ýylda as-Sabah maşgalasynyň mirasdüşeri diýlip yglan edilipdir.
Emiriň aradan çykmagy sebäpli ýurtda 40 gün matam yglan edildi we resmi edaralar 3 gün ýapyk bolar.
Kuweýtiň mirasdüşer şazadasy hökmünde, ýurduň Konstitusiýasyna laýykylykda, 83 ýaşyndaky Şeýh Mişal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah ýurduň täze Emiri diýlip yglan edildi.