Türkmenistan korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy

8-nji noýabrda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşan Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halkara we ýurt derejelerinde korrupsiýa garşy alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar hem-de bu babatda IACA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki mümkinçilikleri belläp geçdiler.

Korrupsiýa garşy halkara akademiýa halkara gurama hökmünde 2010-njy ýylda döredilýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmak üçin bu Akademiýa synçy statusy berilýär. Akademiýa BMG we onuň UNODC ýaly degişli düzüm birlikleri, Interpol, ÝHHG, OECD ýaly guramalar bilen ugurdaş işleri özara hyzmatdaşlykda alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýa agza boldy
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara guramasyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň 13-nji mejlisine gatnaşdy
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Türkmenistandaky maglumat boşlugy, pandemiýa döwründäki halkara proýektleriniň goýan maksatlaryna ters netije berdi’
Türkmenistandaky maglumat boşlugy, pandemiýa döwründäki halkara proýektleriniň goýan maksatlaryna ters netije berdi’