Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy oktýabrda Wenada geçirilen Halkara korrupsiýa garşy akademiýasynyň (IACA) 13-nji Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.

Mejlise bu halkara guramasynyň agza döwletleriniň we dürli derejeli hökümetara guramalaryň wekilleri ýygnandylar. Gatnaşyjylar korrupsiýanyň öňüni almak babatda toplanan tejribäni, bu ugurda ýüze çykýan meseleleri, geljekki wezipeleri we gün tertibinde bolan beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Halkara korrupsiýa garşy akademiýasynyň täze agzasy hökmünde Türkmenistanyň bu halkara guramasy bilen özüni gyzyklandyrýan ugurlarda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, BMG-niň Korrupsiýa garşy konwensiýasynyň we beýleki köptaraplaýyn mehanizmleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlere hem üns çekildi — diýlip, saýtda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýa agza boldy
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara guramasyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty - Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge barýan ýoldur