Türkmenistan: Koronawirusdan ölenler daňdan jaýlanýar, häkimiýetler saglyk işgärlerine basyş edýär

Türkmenistan: Koronawirusdan ölenler daňdan jaýlanýar, häkimiýetler saglyk işgärlerine basyş edýär

Türkmenistanda ekskawatorlar bilen mazarlar gazylýar, ölüler daň bilen hiç kim görmez ýaly jaýlanýar, ýurduň häkimiýetleri distansion görnüşde maslahat geçirýär, ölenleri hasaplaýar we karantin zolaklarynda işlemekden ýüz öwürýän saglyk işgärlerini jogapkärçilige çekýär. Resmi taýdan COVID-19 Türkmenistanda ykrar edilmän galýar.

"Koronawirusdan ölenler daň atanda adamlar uklap ýatyrka jaýlanýar. Bu ýerli ýolbaşçylaryň buýrugy. Köpçülik görmez ýaly. Merhumlar ýokanç keseller hassahanasyndan daň bilen ýakynlaryna berilýär, garyndaşlaryna jaýlamak üçin hemme zady öňünden taýynlamak tabşyrylýar. Merhum dessine gonamçylyga äkidilýär" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 5-nji awgustda aýtdy.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, ölenleriň köpdügi sebäpli ýerli gonamçylyklarda, şol sanda Akbugdaý etrabynda mazarlar ekskawatorlar bilen gazylýar.

Lebap welaýatynda ýerli administrasiýanyň wekilleri merhumlaryň sany we ölüm ýagdaýlary barada maglumatlary ýygnaýarlar we ýokarky ýolbaşçylaryna telefon arkaly jikme-jik hasabat berýärler. Häkimlikleriň ýygnaklary bolsa distansion görnüşde geçirilýär.

Muny Lebapdaky habarçymyz ýerli işgärlere salgylanyp habar berdi. Onuň sözlerine görä, COVID-19 alamatlary bilen keselleýänleriň we ölýänleriň sany ýokary, birnäçe maşgala agzasynyň birbada ölýän halatlary seýrek däl.

Azatlyk Radiosynyň Saglygy saklaýyş ministrliginden, şeýle hem Türkmenistanyň welaýat lukmançylyk edaralaryndan resmi maglumat almak synanyşyklary başa barmady.

Lebapyň Farap etrabynda azyk dükanlary ýapylýar. Türkmenistanyň gündogar welaýatynda soňky hepdelerde berk çäklendiriji çäreler girizildi, şol sanda jemgyýetçilik transportynyň işi çäklendirildi

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ilatyň arasynda howsala barha artýar, ýurdy terk etmek islegler we koronawirusyň bardygyny inkär edýän, keseliň we ölümiň ýaýramagy barada dymýan hökümetiň hereketlerinden nägilelik artýar.

Global pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürýan türkmen hökümeti soňky hepdelerde koronawirus meselesini resmi derejede agzamady.

Ýurduň ýolbaşçylary, şol sanda prezident, dynç alyş möwsümini dowam etdirýär, onuň gutarýan senesi yglan edilmedi. Döwlet telewideniýesinde däp bolan hökümet ýygnaklary görkezilmeýär. Koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýän ýurtda lukmanlaryň karantin zolaklarynda işlemegi üçin olara zor görkezilýär.

Iki hepdelik karantin zolagynda ugradylýan lukmanlar COVID-19 keseliniň ýokaşmagynyň uly töwekgelçiliginiň astynda, agyr şertlerde işlemäge mejbur bolýar. Medisina işgärleri özlerini gorag enjamlary we iýmit bilen öz hasabyna üpjün etmäge borçly bolýar.

"Bu gün lukmanlar ýene 14 günlük işlemek üçin köpugurly hassahana girdiler.Bu eýýäm üçünji akym.Her kimiň elinde öz hasabyna satyn alynan gorag kostýumlary we azyk önümleri bar. 50 töweregi adam - şepagat uýalary, lukmanlar we arassaçylyk üçin kömekçi işgärler.

Her biriniň ýanynda arassaçylyk serişdeleri we azyk önümleri bar.Olar özlerine nahar bişirmek üçin makaron, kartoşka, sogan we ýag alyp gelýärler" - diýip, Lebapdaky habarçymyz lukmanlara salgylanyp, habar berýär.

Onuň sözlerine görä, agyr iş şertlerine we keseliň ýokaşmak howpuna garamazdan, saglyk işgärleri işini ýitirmek gorkusy esasynda karantine gitmäge mejbur bolýarlar. Bu şertlerde lukmanlaryň arasynda nägilelik artýar, käbir lukmanlar işini taşlaýarlar.

Garaşsyz “Turkmen.news” neşiri lukmanlara indi dynç almak isleseler ýa-da işden meýletin çykmakçy bolsalar diplomlaryny ýatyrmak bilen haýbat atylýandygyny habar berýär.

Türkmen lukmanlary karantinde işlemäge mejbur edilýär, ret etseler, ýa-da nägile bolsalar, olara jeza garaşýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” garaşsyz neşriniň habaryna görä, Türkmenabatly lukmanlary işlemek üçin gorag serişdelerini sorap ýazan arzasy sebäpli prokuratura olara jenaýat jogapkärçiligi bilen haýbat atypdyr.

Maglumatda 20-nji iýulda, Ruhyýet köşgünde, Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş ýolbaşçylarynyň we resmileriniň, kanun goraýjy edaralaryň wekilleriniň gorag enjamlary bilen gyssagly üpjün edilmegini sorap arza bilen ýüz tutan saglyk işgärleri bilen duşuşandyklary aýdylýar. Ýerli häkimiýetler lukmanlaryň talaplaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürip, lukmanlara gippokrat kasamyny ýatladypdyrlar we olary öz bähbitleri üçin ýagdaýdan peýdalanmaga synanyşmakda aýyplap, jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň mümkinçiligini duýdurypdyrlar.

"Hökümet saglygy goraýyş ulgamyny ýokary derejede saklamak üçin ýeterlik işleri edýär. Ykdysadyýet üçin bu kyn döwürde has köp zat talap etmek zyýanly we ýurduň prezidentiniň syýasatyna ters gelýär!" - diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" welaýatyň häkiminiň orunbasaryny sitirleýär.

Mundan ozal Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Saglyk ministrliginiň resmileriniň paýtagtyň lukmanlara ultimatum bildirip, "nirä ugratsalar işlärsiňiz" bilmasa-da, "saglyk pudagynda işlemek mümkinçiliginden müdimilik mahrum bolarsyňyz" diýip haýbat atandygyny habar beripdi.

Habarçylarymyz saglyk işgärleriniň agyr şertler we keseliň ýokaşmagynyň howpy ýaly sebäplerden daşary, hassalary bejermek üçin enjamlaryň we dermanlaryň ýetmezçilik edýän wagtynda "hassalaryň ölümine alaçsyz şaýat bolmakdan" heder edip, karantin zolaklarynda işlemek islemeýändigini aýdýarlar.

Bu döwürde ýurtda maskalaryň giňden geýilmegi we fiziki aralyk saklamak düzgüniniň gözegçiligi güýçlendirildi.

Hatda maskasyz çagalar we olaryň ene-atalary munuň üçin jezalandyrylýar.

Aşgabatdaky habarçymyz "Polisiýa maskasyz çagalary taýak bilen kowalap, olaryň ene-atalaryna jerime salýar" - diýip 5 awgustda habar berdi.

Bu aralykda saglyk işgärleri üçin maskalar we ellikler ýaly gorag enjamlarynyň ýiti ýetmezçiligi dowam edýär.

"Marynyň welaýat keselhanalarynda lukmanlar Saglyk ministrligi tarapyndan berilýän maskalaryň we ellikleriň hilinden nägile. Maskalarda gulaga ildirmek üçin ýüpler asla ýok, ýa-da üzülip durýar. Lukmanlar ýüp satyn alyp, öz hasabyna tikmeli, ýada tikinçilere tikdirmeli bolýarlar. Täze ellikler hem ulanmaga ýaramsyz, geýjek wagtyň derrew ýyrtylýar. Bu şertlerde koronawirus hassalary bilen işleýän lukmanlar goragsyz galýarlar" diýip Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.

Maryda ähli dellekhanalar 31-nji awgusta çenli ýapyk galýar. Restoranlardaky toýlar we beýleki dabaralar ýatyrylýar. Azatlygyň habarçysynyň belleýşi ýaly, dellekhanalar we restoranlar öz hyzmatlaryny öýde ilata hödürleýärler.

Türkmen häkimiýetleri, beýleki ýurtlarda COVID-19-a garşy görülýän çärelere meňzeş çäklendirmeleri iýul aýynyň birinji ýarymynda BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda eden saparynyň dowamynda durmuşa geçirip başlady. Sapardan soň guramanyň hünärmenleri türkmen hökümetine ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat berdiler we saglygy goraýyş pudagyny hem saglyk işgärlerini goldamak üçin ýarym million çemesi dollarlyk medisina serişdelerini ugratdylar.

Mundan başga-da, Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmek üçin ABŞ-dan 1,42 million dollar maddy kömegi we BAE-den 90 müň saglyk işgäri üçin niýetlenen 60 tonna lukmançylyk enjamyny aldy.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri Türkmenistana berlen uly mukdarly bu kömegi agzamadylar. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň goňşy ýurtlara kömek hödürleýändigini yzygiderli habar berýärler. 4-nji awgustda TDH gullugy Türkmenistanyň gumanitar kömek hökmünde Owganystana lukmançylyk enjamlaryny iberjekdigini habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Maskat şäherinde geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy
Ilon Mask: eger biz başga planetalary özleşdirmesek, siwilizasiýa heläk bolar
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Beýnisine çip oturdylan adam pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy ilkinji gezek adam beýnisine implant girizdi