Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar.Bu ýurt bilen özara gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk we uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. 16-18-nji aprel aralygynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza amala aşyran ilkinji döwlet sapary döwletara gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna uly itergi berdi.17-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçirildi. “Oguzhan” köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleriniň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi, köpugurly işewür gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklamak bilen, döwlet Baştutanlary däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, olary hemmetaraplaýyn berkitmek barada pikirlerini aýtdylar. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça saparyny Türkmenistandan başlamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň käbir möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Prezident Mun Çže Iniň nygtaýşy ýaly, Prezident wezipesine girişeninden soň, ol Merkezi Aziýada ilkinji gezek bolýar hem-de bu sebitde özüniň baryp görýän ilkinji döwletiniň gadymy Ýüpek ýolunyň merkezi bolan Türkmenistan bolmagyny örän ähmiýetli hasaplaýar. Şunda biziň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň Ýewraziýanyň parahatçylygyna we ählumumy gülläp ösmegine gönükdirilen täze demirgazyk syýasaty babatda möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.
Häzirki saparyň iki döwletiň arasynda we umuman, sebit möçberinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigi mälim edildi.Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda söwda-ykdysady, saglyk hem-de beýleki ugurlarda ylalaşyklara gol çekildi.
Mundan başga-da, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde ýene-de 20-ä golaý ikitaraplaýyn resminamalara hem gol çekilendigini bellemek gerek. Şol resminamalar dürli ugurlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, ony berkitdi.Ýene-de birnäçe resminamalar ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirildi.
Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Seul milli uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen Koreý milli sungatlar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklar bar. Öz gezeginde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Hanýang uniwersitetiniň arasynda; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Koreýa Milli diplomatik akademiýasynyň arasynda; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (Mary ş.
Türkmenistan) bilen Seul Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Seul ş.Koreýa Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Şeýlelikde, dürli ugurlarda strategik uzak möhletleýin esasda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygynyň subutnamasy örän aýdyň ýüze çykdy.
Soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygynyň netijelerini teswirläp, jenap Mun Çže Iniň Türkmenistana bu ilkinji döwlet saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwrülendigini belledi.Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk özara hereket etmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, özara düşünişmek hem-de açyklyk ýagdaýynda geçen gepleşikleriň ynanyşmak we anyklyk häsiýetini aýratyn belledi.Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, özüniň Merkezi Aziýada gadymdan ýygjam ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýlan sebitde ilkinji gezek bolýandygyny belledi.
Belent mertebeli myhmanyň aýdyşy ýaly, saparyny ilki bilen Türkmenistandan başlamagy örän ähmiýetli hasaplaýar, bu ýerde sebitiň aýdyň ösüşleri saklanyp galypdyr.Prezident Mun Çže In ýurdumyzyň 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ajaýyp ykdysady ösüşleri gazanyp, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine anyk goşant goşýandygyny belläp, türkmen halkynyň güýç-gaýratyna uly sarpa goýýandygyny beýan etdi.Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda iki döwletiň we halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.* * *Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýany bilen gelen maşgalasy hanym Kim Çžon Suk üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine barlyp görülmegini özünde jemleýän medeni maksatnama guraldy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna hem gatnaşdy.Hanym Kim Çžon Suk Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna hem baryp gördi.
Mälim bolşy ýaly, bu ýerde koreý dili bölümi işleýär.Prezidentiň maşgalasy bu bölümde bilim alýan talyplar bilen duşuşdy.* * *18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna baryp gördüler.
Bu iň häzirki zaman gazhimiýa toplumy “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering” (Koreýa) kompaniýalary tarapyndan “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda bilelikde amala aşyryldy.Döwlet Baştutanlary polimer zawodyna gelenlerinden soň, toplumyň çäginde ýörite gurnalan çadyrda gysgajyk tanyşdyryş dabarasy boldy.
Onuň barşynda zawodyň direktory hem-de “Hyundai Engineering” kompaniýasy tarapyndan taslamanyň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmanlary kärhananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.Tanyşdyryş çäresi wideofilmiň görkezilmegi bilen utgaşdyryldy.Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, bu iri gazhimiýa toplumynyň döredilmegine gatnaşan ähli hünärmenlere we gurluşykçylara minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň kanagatlanmak bilen belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň himiýa we energetika senagatynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar.Polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça nobatdaky häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň hem-de barha berkeýän dostlugyň aýdyň beýany bolup durýar.Koreýa Respublikasynyň Baştutany öz çykyşynda Gyýanly toplumyny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň diňe başlangyç tapgyry diýip pikir edýändigini belledi.
Belent mertebeli myhman ýygnananlara ýüzlenip, olaryň tagallalarynyň we zähmetiniň türkmen halky bilen bilelikde uly üstünlik hökmünde iki ýurduň dostlugynyň we gülläp ösüşiniň taryhynda galjakdygyny nygtady.Şol günki şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri zawodyň işgärleri bilen surata düşdüler.
Söhbetdeşligiň barşynda ýygnananlar milli Liderimize gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasyny gurdurandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Soňra Prezidentler zawodyň çägine bardylar. Ýol ugrunda döwlet Baştutanlary gerimi boýunça haýran galdyrýan kärhananyň esasy tehnologik we inženerçilik desgalaryny gözden geçirdiler.
Soňra Prezidentler Türkmenistanda öndürilýän polimer önümleriniň sergisini synladylar.Döwlet Baştutanlary ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Gyýanlydan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördüler.Döwlet Baştutanlary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, birek-birege üstünlikler we iki ýurduň halklaryna parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler we mähirli hoşlaşdylar.Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti biziň ýurdumyzdan ugrady.