Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi.
Söwda-ykdysady, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda bitiren ýokary hilli işleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.
Bellenilişi ýaly, şunda Hyundai Engineering we LG International kompaniýalarynyň Galkynyş gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça guran desgalaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy maliýeleşdirildi we guruldy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň gaz we gazhimiýa pudaklarynda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.