Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet Katar döwletiniň Doha şäherinde ýerleşýän sergi we konferensiýa merkezinde geçirilýän Kids Expo 2024 halkara sergisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Serginiň dowamynda türkmen wekiliýet çagalaryň doglan wagtyndan başlap, 13 ýaşyna çenli bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dynç alyş ulgamlaryndaky iň täze gazananlar bilen tanyşdy. Bilim tehnologiyalary, logopediki we saglyk hyzmatlary bilen bagly bölümlere aýratyn üns berildi.
Wekiliýet A+Programm maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenen innowasion okuw usullary bilen hem tanyşdy. Bu maksatnama, wirtual reallygy, emeli aňy we aralaşdyrylan okuw usullaryny ulanmagy öz içine alýan öňdebaryjy bilim tehnologiyalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti ýaş nesliň döredijilik we jemgyýetçilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen çagalaryň dynç alşyny guramak üçin innowasion çözgütler bilen tanyşdy. Wekiliýetiň agzalary serginiň guramaçylary we halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen netijeli duşuşyklar geçirip, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we degişli tejribe alyşdylar.