Türkmenistan 17-nji aprelde Merkezi Aziýada kaliý dökünlerini öndürýän ikinji zawodyň gurluşyk proýekti boýunça tender yglan etdi. Bu çäre hökümetiň tebigy gaz pudagyndaky peselişiň öwezini doldurmak tagallalarynyň çäginde görülýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet agentliginiň çap eden beýanatynda zawodyň Lebap welaýatyndaky Garabil kaliý duzlary ýatagynyň bazasynda guruljakdygy aýdylýar.
Tender boýunça teklip bermegiň soňky möhleti 2017-nji ýylyň 26-njy iýuny.Häzirlikçe bu proýektiň maliýe jikme-jiklikleri barada huç zat mälim däl, emma kompaniýadaky iki çeşme “Reuters” habar gullugyna onuň bahasynyň $1,4 milliarda golaý boljakdygyny aýtdy.
Merkezi Aziýada iň uly gaz öndüriji bolan Türkmenistan, ykdysadyýeti berkitmek üçin, energiýa bahalarynyň arzanlamagy sebäpli gaz eksportyndan gelýän girdejileri peselenden soň alternatiw pudaklardaky proýektlere daýanmaga mejbur.
Ýatladýarys, mart aýynda Türkmenistanda kaliý dökünlerini öndürýän we bahasy $1 milliarddan aşýan belarus zawody açyldy. Bu zawod ýylda Hytaýa we Hindistana 1,2 million tonna dökün ibermeli.
Garlykdaky kaliý duzlary ýatagyndan tapylan we gorlary 50 ýyla ýetjek çig mal ýurduň esasy dökün çeşmesi bolup durýar.
Türkmenistan indi kaliý dökünlerini eksport ediji hökmünde Russiýanyň “Uralkaliý” zawody we Belarus bilen bäsleşer.