Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ulaglaryň hereket çäklendirmesini ýatyrdy

Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ulaglaryň hereket çäklendirmesini ýatyrdy

Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda daşary ýurtly, şol sanda ýerli ýük ulaglarynyň hereketine mundan iki ýyl ozal töweregi girizen çäklendirmelerini ýatyrdy. Soňky aýyň dowamynda Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtly ýük ulaglary üçin käbir ýeňilleri döredendigi, emma ýerli sürüjileriň daşary çykmagyna rugsat bermeýändigi, olaryň hem muňa özleriniň ala tutulýandygy’ baradaky nägilelikleriniň artýandygy barada maglumat beripdi.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalarynyň arasynda halkara howa uçuşlaryna, raýatlaryň içerki hereketine girizen çäklendirmeleri bilen birlikde, ýurduň üstünden geçýän tranzit ýük ulaglaryna we daşary ýurtlara gatnaýan ýerli sürüjilere gadaganlyk girizipdi. Azatlyk bu birtaraplaýyn gadaganlygyň netijesinde ýerli sürüjilere hiç hili ýeňillikleriň döredilmändigi sebäpli, olaryň köpüsiniň zyýana galandygy barada habar beripdi.

Türkmenawtoulaglary agentliginiň maglumatyna görä, şu ýylyň 7-nji noýabryndan başlap, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, kesgitlenen nokatlardan daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjilerine ýurduň çägine gelmeklerine, gitmeklerine hem-de üstaşyr geçmeklerine rugsat berildi.

Agentligiň websaýtynda çap bolan bildirişde ulag sürüjileriniň muny ýurduň Türkmenbaşy halkara deňiz portundan, Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden amal edip biljekdigi bellenilýär.

Emma bildirişde berjaý edilmelidigi nygtalýan talaplaryň ozaldan bar bolan düzgünlerdigi ýa-da tranzit ýük ulaglaryndan täze talaplaryň soralýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Azatlygyň Agentlik bilen habarlaşyp bular barada maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Mundan öň, Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasyny hem ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri 1-nji iýundan başlap daşary ýurt ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden tranzit geçmegine ygtyýar beripdi.

Emma türkmen ýük ulag sürüjileri häzire çenli ýurduň daşyna çykyp bilmeýärdiler, olar özleriniň ýükli tirkeglerini Özbegistan bilen serhetdäki nokada getirip, şol ýerden hem daşary ýurtly ýük ulaglaryna tirkäp ugratmaly bolýardylar.

Azatlyk şol pursat ýerli ýük sürüjileriniň ala tutulmagy’ netijesinde, olaryň beýleki ulaglar bilen iberen tirkegleriniň köp halatlarda zaýalanan ýagdaýda yzyna getirilýändigini hem belläpdi. Ýerli sürüjiler tirkegleriniň tekerleriniň çalşyrylan, tentleriniň ýyrtylan, içidäki abzallarynyň köneleri bilen üýtgedilen ýagdaýlarynyň hem seýrek däldigini gürrüň beripdiler.

Soňy bilen ýurduň gündogaryndaky Özbegistan bilen aradaky Farap gümrükhanasyna tirkeglerini tabşyrmak üçin barýan ýerli sürüjilere, nobata ýazylmak üçin ýene goşmaça talaplar girizilipdi.

Bu aralykda ýurduň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ençeme günläp nobatda garaşyp duran ýerli ýük sürüjileri gadaganlyklaryň aýrylýandygy baradaky habary gowy garşylandyklaryny aýdýarlar.

“Farap gümrük geçelgesinde Özbegistana geçmek üçin ýüzlerçe ýerli ýük sürüjisi nobatda garaşýar. Eýran bilen serhetdäki Artyk nokadynda hem müňe golaý ýük ulagy ýygnandy. Üstaşyr herekete rugsat berilmegi begendirmän duranok. Belki, indi artykmaç çykdajylary etmän, işläp biläýerdik” diýip, goňşy döwletlere ýük gatnadýan sürüji gürrüň berdi.

Azatlygyň ýerli ýük sürüjileriniň duş bolýan nogsanlyklary baradaky soňky habarlarynyň yzýany prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň "üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek” barada çykyş etdi.

Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurduň Ulag we kommunikasiýalar agentligine "awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny" nygtady.

Ýapyk Türkmenistanyň hökümeti ýurdy Ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, onuň sebitdäki iň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülýändigini öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy
Türkmen ilçisi Ýerewan döwlet konserwatoriýasyna N.Halmämmedowyň eserlerini gowşurdy