Türkmenistan Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) ygtyýarly okuw merkezi bolmak hukugyny gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna ITF-iň prezidenti Dewid Haggertiniň we ITF-iň ýerine ýetiriji direktory Luka Santiliniň gol çeken degişli şahadatnamasy gelip gowuşdy.
Bu resminama Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna nähili hukuklary berýär? Olaryň ilkinjisi biziň ýurdumyzyň ITF bilen ylalaşyp, her ýyl tälimçiler üçin okuwlary guramaga bolan hukugydyr. Şeýle hem tennis boýunça milli federasiýamyz bu okuwlaryň netijesinde tälimçileri hünär synagyndan geçirip, olara degişli resminamalary berip biler. Şol resminamalarda ITF-iň nyşanyny ulanmak hukugy hem berilýär.
Şahadatnamanyň güýji 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenlidir.Oňa eýe bolmak üçin Türkmenistanyň Tennis federasiýasy birnäçe işleri geçirdi.Olaryň çäklerinde oktýabr aýynda ITF-iň Aziýa sebitinde tennisi ösdürmek boýunça jogapkär wekili Amir Borgei Aşgabada sapar bilen geldi.
Ol türkmen paýtagtynda tennis bilen meşgullanmak, tälimçileriň bilim we hünär derejesini artdyrmak boýunça döredilen mümkinçilikleri doly gözden geçirdi.Wekiliň beren oňyn bahasy biziň ýurdumyza ITF-iň degişli şahadatnamasynyň gowşurylmagyna şert döretdi.