Türkmenistan Italýanyň harby-ulag uçaryny satyn aldy, belki-de ikisini

Türkmenistan Italýanyň harby-ulag uçaryny satyn aldy, belki-de ikisini

23-nji iýunda Kerkide halkara uçar menziliniň açylyşynda prezident Berdimuhamedow Italýanyň “Alenia Auronautica”şirketiniň “C-27J NG Spartan” kysymly uçaryny görkezdi.

6-njy iýunda Italýanyň Türina şäherinden ýola düşen hut şeýle kysymly uçary spotterler gördüler.

Şol döwürde müşderiniň kimdigi belli däldi. Hatda, onuň reňkleri uçaryň Türkmenistana niýetlenendigini görkezýärdi. Sebäbi, ýurduň howa güýçlerinde şoňa meňzeş reňkleri bolan Ukraýinanyň önümi bolan Ан-74ТК-200С harby-ulag uçary bar.

Türkmenistanyň näçe sany şeýle uçary sargandygy anyk däl.Emma, soňky ýylda spotterler türkmen HHG-niň iki sany şol bir reňkli C-27J NG kysymly we CSX62319 и CSX62322 wagtlaýyn hasaba alynyş sanly iki uçaryny surata düşürdiler.

Ilkinji gezek Italýanyň harby-ulag Alenia C-27J we okuw-söweş Aermacchi M-346 kysymly uçarlary 2018-nji ýylyň 3-nji maýynda garaşylmadyk ýagdaýda milli goşunyň barlagy wagtynda Berdimuhamedowa görkezilipdi.

Uçaryň harby häsiýetnamasy bilen şu saýtda tanyşmak mümkin.

Emma, onuň bahasy görkezilmeýär.The post Türkmenistan Italýanyň harby-ulag uçaryny satyn aldy, belki-de ikisini first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Ekspo 2030” Saud Arabystanynda geçiriler
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi
Etna wulkany atylyp başlady
Şäherler bilen atdaş tagamlar
Italýan kompaniýalarynyň wekilleri işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Aşgabada geldiler