Türkmenistan italiýan harby uçarlaryny satyn aldy

Ozal habar berlişi ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji maýda Türkmenistan tarapyndan satyn alnan täze harby tehnikanyň nusgalaryny barlady.

Jane’s 360 neşiri “Altyn Asyr” telekanalynyň reportažynda görkezilen uçarlaryň öndürilen ýerini kesgitledi.

Döwlet baştutanynyň kabinasynda oturan uçary Italiýanyň okuw-türgenleşik üçin öndürýän Alenia M-346 uçary bolup çykdy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Italiýanyň harby-transport uçary bolan Alenia C-27J Spartan uçaryny satyn alandygy kesgitlendi.

Neşir Türkmenistanyň ozal hem italiýan harby tehnikalaryny, mysal üçin, pilotsyz Selex Falcon uçaryny we Agusta AW109 dikuçaryny satyn alandygyny belleýär.

Jane’s World Air Forces neşiriniň bellemegine görä, ykdysady kynçylyklar, ýokary hünärli kadrlaryň ýetmezçiligi we HHG-de yzygiderli geçirilýän syýasy äheňli arassalaýyşlar zerarly , türkmen harby-howa güýçleriniň ýagdaýy ýakyn geljekde pes derejede galmagyny dowam etdirer.

Şeýle-de neşir harby-howa güýçlerini goldamak üçin maliýe serişdeleriniň ýetmezçilik edýän wagtynda şeýle ummasyz serişdeleriň bular ýaly ýaraglary satyn almaga gönükdirilmeginden alada bildirýär.

Belleýäirs, 2015-nji ýylda uçurylan türkmen emeli hemrasy hem fransuz-italiýan “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan öndürilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmentel—2022: Türkmenistan ikinji aragatnaşyk hemrasynyň taslamasyny meýilleşdirip başlady
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Türkmentel 2022 halkara sergisi
Türkmenistan Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar
SpaceX wekiliýeti ýapyk Türkmenistanda geçiriljek halkara transport forumyna gatnaşar’