Türkmenistan internet elýeterliliginiň pes ýurtlarynyň arasynda galýar

Türkmenistan internet elýeterliliginiň pes ýurtlarynyň arasynda galýar

Dünýä ýurtlarynda internetiň ulanylyşy we eleýeterliligi boýunça soňky geçirilen barlaglar esasynda çap edilen täze hasabatda Türkmenistan öz ilatynyň iternet ulanmagyny iň kän çäklendirýän ýa-da ýeterlik mümkinçilik döretmedik döwletleriň hatarynda agzalýar.

Birleşen Ştatlarda internet hyzmatlary boýunça ýöriteleşen “Akamai Technologies” guramasynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, Belarus, Birma, Kuba we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar öz raýatlarynyň internet elýeterliligini hökümet syýasaty astynda gadagan edilýär.

Şol bir wagtda, ýörite rugsat bilen berk gözegçilik astynda döredilýän internet mümkinçiligini we Wi-Fi satyn almak Kuba ýaly ýurtlarda esasan diňe uly şäherlerde elýeterli.

Munuň üstesine, serwerleriň döwletiň garamagynda bolmagy bilen baglylykda, Hytaý, BAE, Saud Arabystany, Kuba, Müsür, Eýran, Tunis, Türkmenistan, Özbegistan we Wýetnam ýaly ýurtlarda internet ulanylyşy ýokary derejede çäklendirilen bolmagynda galýar.

Türkmenistan “Akamai Technologies” guramasynyň hasabatynda öz ilatynyň internet elýeterliligini 20 prosentden hem aşakda saklaýan ýurtlaryň arasynda agzalýar. Ýaşaýjylarynyň internet elýeterliligi 20 prosentden aşakda galýan ýurtlaryň sanawyna Türkmenistandan başga Zimbabwe, Zambia, Namibia, Madagaskar, Mozambik, Angola, Ýemen, Pakistan, Nepal, Hindistan, Bangladeş, Şri Lanka, Mýanmar we Indonesia girizilipdir.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, dünýäniň ykdysady taýdan ösen we baý ýurtlarynyň köpüsinde ilatayň gündelik internet elýeterlilgi 90 prosentden hem ýokarda bolup durýar.

Angliýanyň Milli statistika edarasynyň maglumatyna görä, bu ýurduň 16 bilen 35 ýaş aralygyndaky ýaşaýjylarynyň 99 prosenti internet ulanyjy bolup durýar, bu ýaşdaky adamlar günde 10 sagada golaý wagtyny internetde geçirýär.

“International Business Times” neşiriniň şu ýylyň başynda geçiren pikir soramalarynyň maglumatyna görä, amerikanlaryň üçden ikisi internet elýeterliligini adam hukuklary däl-de, eýsem priýilegiýe, amatlylyk hasaplaýar. Şol bir wagtda amerikan ilatynyň 32 prosenti internet elýeterliligini esasy adam hukuklarynyň biri hasaplýar.

Türkmenistanda ilatyň internet elýeterliligi öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyrlan ýyllarynda şahsy adamlar üçin doly diýen ýaly ýapykdy. Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýyldaky prezident saýlawlary kampaniýasynda ýurduň ilatyna internet elýeterliligini wada berdi.

Ýöne muňa garamazdan, onuň wada beren interneti dünýäde iň haýal we gymmat internetleriň bolup çykldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow internetiň “ganym duşmanlarynyň” hatarynda agzalýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Internetiň hili pese gaçdy
Berdimuhamedow Interneti ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy
Türkmen prezidentiniň birinji gezek mekdebe barýan körpeler üçin sowgady hemmä ýetmedi. WIDEO
Berdimuhamedow orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi tabşyrdy
Azatlygyň derňewinden soň, häkimiýetler VPN-e garşy göreşi has-da güýçlendirýär
Azatlygyň derňewi: Türkmen ýörite gulluklary raýatlary yzarlamakda Rohde & Schwarz nemes kompaniýasynyň enjamlaryny ulanýan bolmagy mümkin