Türkmenistan ilkinji gezek Seuldaky Import harytlarynyň sergisi — 2022-ä gatnaşdy

Türkmenistan ilkinji gezek Seuldaky Import harytlarynyň sergisi — 2022-ä gatnaşdy

Şu gün Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda Import harytlarynyň sergisi — 2022 halkara sergisi açyldy. Bu sergä Türkmenistan hem ilkinji gezek gatnaşyp, onda ýurduň dokma senagatynyň ýeten belent sepgitlerini görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Sergä 60-dan gowrak ýurtdan 70-e golaý kompaniýa gatnaşýar.Türkmenistanyň sergidäki pawiliony oňa gatnaşýan myhmanlara ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, Nusaý, Gala, Goza, Merw, Bedew ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, milli pawilionda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, türkmen halylary, milli el işleri, zergärçilik önümleri ýaly ekspozisiýalar goýlupdyr.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyllygy bellenildi.

Sergi 2022-nji ýylyň 25-nji iýunyna çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dokma önümleri Seuldaky sergide görkezildi
Türkmen dokma önümleri Seulda sergä çykaryldy
TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI SEULUŇ “2022-IMPORT HARYTLARYŇ SERGISINDE” GÖRKEZILDI
Türkmen dokma önümleri Koreýanyň import harytlarynyň sergisinde görkezilýär
Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär
ABŞ-a importy gadagan edilen türkmen pagtasynyň önümleri’ Amazon’ we Walmartda’ satylýar