Türkmenistan ilkinji gezek Caspian Agro halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistan ilkinji gezek Caspian Agro halkara sergisine gatnaşar

15 — 17-nji maý günlerinde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde ýerleşýän Ekspomerkezde 17-nji Caspian Agro we InterFood halkara sergisi geçiriler. Oňa taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşarlar. Şeýle-de, Wenesuela hem bu sergä ilkinji gezek gatnaşar. Bu barada Azernews habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, agzalan halkara sergide Türkmenistan we Wenesueladan başga-da, Germaniýa, ABŞ, Belarus, Belgiýa, Çehiýa, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Estoniýa, Owganystan, Ispaniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Gruziýa, Hindistan, Eýran, Ysraýyl, Şwesiýa, Şweýsariýa, Italiýa ýaly ýurtlaryň kompaniýalary öz hyzmatlaryny we önümlerini görkezilişe çykararlar.

Üç günlük Caspian Agro we InterFood halkara sergisiniň esasy bölümlerine oba hojalyk tehnikalary we enjamlary, suwaryş ulgamlary, gaplamalar, oba hojalygynyň maldarçylyk we guşçylyk, aryçylyk, iýmit, weterinariýa, bagbançylyk, dökünler, miweler we gök önümler ýaly ugurlaryna degişli täze innowasion tehnologiýalar köpçülige hödürleniler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri Bakudaky oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Maryda ilata arzan ýumurtga çäkli möçberde satylyp başlandy
Gamyş pişigi
Turkmenportal resminamalar kabul edişligi heniz dowam etýän okuw jaýlarynyň sanawyny hödürleýär
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar