Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar

Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň sebitleýin forumyna gatnaşýar

10-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Kýonju şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň dördünji forumy öz işine başlady.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin göze görnüp duran we maddy däl medeni mirasy ulanmak sebitleýin maslahatyň mowzugy boldy.

Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Indoneziýa, Eýran, Şri-Lanka, Wýetnam, Ýaponiýa ýaly Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu çärä Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşýar.

Çärede Guramanyň sebitleýin sekretariatynyň ýerleşýän ýeri bolan Koreýa Respublikasynyň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kýonju şäheriniň administrasiýasynyň başlygy forumyň wekillerine gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Dabarada ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen birnäçe şäheriň häkimleri çykyş etdiler. Çykyşlarda, esasan, wideo materiallary bilen bilelikde şäherleriň taryhy, medeni we syýahatçylyk merkezleri hökmünde ähmiýeti, olaryň nesiller üçin aýawly saklanylmagy dogrusynda aýdyldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň esasy maksady, bu şäherleriň mirasynyň häzirki zaman durmuşyna, nesilleriň medeni dowamlylygyna we dünýämiziň ösüşiniň dowamlylygyna täsiri bilen baglanyşykly häzirki meselelere gönükdirilendir.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa we Medeniýet we syýahatçylyk žurnalynyň redaktory Gülälek Annamuhammedowa girdi.

Üç gün dowam etjek forumyň dowamynda binagärlik eserleri we ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy türkmen şäheri Köneürgenjiň taryhy we medeni mirasy barada çykyş diňlener. Şeýle hem Türkmenistanyň taryhy, häzirki ösüşi we ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideoşekil görkeziler.

Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasy (OWHC) 1993-nji ýylda Fes şäherinde (Marokko) döredilip, ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky desgalar ýerleşýän 250 şäheri özünde birleşdirýän halkara telekeçilik däl guramadyr.

OWHC halkara we sebit derejesinde duşuşyklary guraýar. Iki ýyldan bir gezek geçiriljek Baş Assambleýalardan başga-da, gurama bütindünýä kongreslerini, konferensiýalary, seminarlary we ussatlyk sapaklaryny geçirýär. Bu duşuşyklaryň hemmesinde taryhy şäherleri gorap saklamak we ösdürmek, olaryň dünýä mirasynyň ykrar edilmegi bilen baglanyşykly dolandyryş meseleleri we strategiýalary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly talyp gyz Hytaýda geçirilen ýaş alymlaryň sammitine gatnaşdy
TÝL ― 2023: Nebitçi 91-nji minutdaky gol bilen Köpetdagdan üstün çykdy
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Dzýudo boýunça Mary şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi