Türkmenistan iki sany halkara aragatnaşyk ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan iki sany halkara aragatnaşyk ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli iki sany täze optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew mälim etdi.

Olaryň birinjisi Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesini Gazagystanyň Teýmir Baba ilatly nokady bilen, ikinjisi bolsa, Balkan welaýatynyň Etrek etrabyny Eýran Yslam Respublikasynyň Gümmet-Kowus şäheri bilen birikdirer.

M.Çakyýewiň öz makalasynda bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň sekizisi hereket edýär. Bu halkara aragatnaşyk ulgamlary şulardan ybarat: Aşgabat — Guçan (Eýran), Serhetabat — Hyrat (Owganystan), Kerki —Akina (Owganystan), Türkmenabat — Alat (Özbegistan), Garabogaz — Kenderli (Gazagystan) hem-de Daşoguz — Gürlen (Özbegistan).

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory öz makalasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagy, eýelik etmegi hem-de ulanmagy guramak baradaky ylalaşyga gol çekilendigini ýatlap geçýär.

M.Çakyýewiň Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde çap edilen makalasynda bellenilmegine görä, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ähli ilatly ýerlerini ykjam aragatnaşygy bilen üpjün etmek işleri ýokary derejede ýola goýlup, 2007-nji ýyldan bäri bu ulgamyň göwrümi 13 esse, iberiji we kabul ediji enjamlaryň sany 83 esse köpelipdir.

Simli aragatnaşyk ulgamynyň göwrümi 3,3 esse köpelip, internet hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň sanynyň 936 esse artmagyna getiripdir.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 internet ulanyjysy bar
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy