
Türkmenistan VI Ýüpek ýoly halkara medeni sergisine esasy hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada Sinhua habarlar gullugy Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine (MCT) salgylanyp habar berýär.
Bu ýyl sergi 6-7-nji sentýabrda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriler. Ol Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet teleradioýaýlymlar müdirligi, Hytaýyň Halkara söwdany ösdürmek boýunça komiteti we Gansu welaýatynyň häkimligi tarapyndan guralar.
Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Hytaý tarapy Türkmenistany şu ýylyň sentýabr aýynda Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriljek Ýüpek ýoly altynjy halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.