
27-nji fewralda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen Logistika assosiasiýasynyň, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky Türkmendokma AGPJ-niň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Huahe International kompaniýasynyň prezidenti bilen bilelikde ýüze golaý kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, onlaýn duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek barada edilen çykyşlar esasynda birek-biregiň pikirleri diňlenildi. Türkmen bazarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak maksady bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.