Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 25 28-nji oktýabrynda Hytaýyň Ninsýa-Hueý awtonom sebitiniň Inçuan şäherinde geçirilen “Hytaý Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlygynyň 11-nji forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň geňeşçisi B.Glyçmämedow öz çykyşynda ykdysadyýetiň deňagramly, ekologiýa gönükdirilen ösüşiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Diplomat Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary, şol sanda Arkadag “akylly” şäheriniň gurluşygynda sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylyşy barada gürrüň berdi.
Çärä şeýle hem awtonom sebitiniň, HHR-iň DIM-niň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, diplomatlar, işewür birleşikleriň, uniwersitetleriň we kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň netijeleri boýunça “Hytaý Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlygynyň 11-nji forumynyň başlangyjy” yglan edildi.
“Hytaý Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk forumy Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilip her ýylda geçirilýän çäredir. Forumyň çäklerinde ykdysady, ekologiýa we durmuş ösüşiniň meseleleri, söwda, maýa goýum hem-de innowasiýa ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollary maslahatlaşylýar.